Iň täze habarlar

17-nji awgustda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi bolar

08.08.2024 | 15:57
17-nji awgustda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi bolar

2024-nji ýylyň 17-nji awgustynda (Şenbe güni) Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň işgärleri we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalary tarapyndan hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler.

Kabul edişlik Türkmenistan Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli bolar.

Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 150

Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 12 39-19-20
+993 12 39-19-21

ORIENT news