Iň täze habarlar

2025-2026-njy okuw ýyly üçin Beýik Britaniýanyň ilçihanasy Chevening talyp hakly maksatnamasy üçin arzalary kabul edýär

07.08.2024 | 11:13
2025-2026-njy okuw ýyly üçin Beýik Britaniýanyň ilçihanasy Chevening talyp hakly maksatnamasy üçin arzalary kabul edýär

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2025-2026-njy okuw ýylynda magistr derejesini almak üçin Chevening talyp hakly maksatnamasyna arzalary tabşyrmaga çagyrýar.

Chevening talyp hakly maksatnamasy Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan 1983-nji ýylda esaslandyryldy we Daşary işler ministrligi hem-de hyzmatdaş guramalar tarapyndan maliýeleşdirilýär. Maksatnama 160-dan gowrak ýurtda şol sanda Türkmenistanda hem elýeterli bolup, 1998-nji ýyldan bäri takmynan 89 adam bilim aldy.

Talyp hakyň öz içine alýan zatlary:

• Gidişin we gaýdyşyn uçuşlary;
• ýaşaýyş we okuw çykdajylary.

Dalaşgärler üçin talaplar:

• bakalawr ýa-da hünärmen derejesini alan bolmaly;
• Iň azyndan iki ýyl iş tejribesi;
• Iňlis dilinde erkin gürlemek;
• Onlaýn anketany doldurmak;
• Ýolbaşçylyk, Beýik Britaniýada okamak, aragatnaşyk gurmak, karýerany ösdürmek ýaly mowzuklara esse (düzme) ýazmak;
• Islenýän üç magistr maksatnamasynyň we uniwersitetleriň görkezilmegi.

Arzalar 2024-nji ýylyň 6-njy awgustyndan 5-nji noýabry aralygynda kabul edilýär.

Üns beriň:

Talyp hakyny almak üçin ýüz tutmak bilen bir hatarda, Beýik Britaniýanyň saýlanan uniwersitetlerine resminamalary saýlamaly we tabşyrmaly hem-de goşmaça synaglardan geçmeli. Her bir ýokary okuw mekdebi okuwa kabul ediş kararyny özbaşdak berýär.

Giňişleýin maglumatlary we anketany şu salgy arkalytapyp bilersiňiz.

Has giňişleýin maglumat almak üçin Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna elektron salgysy arkaly ýüz tutup bilersiňiz: ukembassy.ashgabat@fcdo.gov.uk

ORIENT news