Iň täze habarlar

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmatyny ýerine ýetirýär

24.07.2024 | 09:22
Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ýolagçy gatnatmak hyzmatyny ýerine ýetirýär

Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy sargyt esasynda ýolagçy gatnatmak hyzmatyny ýerine ýetirýär. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň internet saýtynda habar berilýär.

2020-nji ýylda öndürilen awtobuslaryň her bir sagady üçin 165 manat möçberinde töleg alynýar. 2009-2012-2017-nji ýyllarda öndürilen awtobuslaryň her bir sagady üçin bolsa 150 manat möçberinde töleg alynýar.

Sargytlar azyndan 24 sagat öňünden edilmeli. Belläp geçsek, sargyt üçin töleg öňünden alynýar. Awtoulagyň garaždan çykyp sargyt edilen ýere çenli we sargydy tamamlap garaža çenli geçen aralygy üçin goşmaça töleg alynýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 65 55 38 50; 44 33 40;

Faks: 44 33 62.

ORIENT news