Iň täze habarlar

Türkmen telekeçileri «FoodAG 2024» sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

12.07.2024 | 14:22
Türkmen telekeçileri «FoodAG 2024» sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

2024-nji ýylyň 9 – 11-nji awgusty aralygynda Pakistanyň Karaçi şäherindäki Sergiler merkezinde «FoodAG 2024» atly azyk önümleriniň we oba hojalygynyň halkara sergisi geçiriler. «Durnukly geljegi ösdürmek» şygary astynda guralan bu çäre dürli ýurtlardan obasenagat toplumynyň wekilleri bilen duşuşmak üçin meýdança bolar.

Bu çärä oba hojalygy we azyk senagaty pudaklarynda işleýän türkmen telekeçileri çagyrylýar.

Hasaba alynmak üçin aşakdaky baglanyşyga giriň: https://agro.tdap.gov.pk/exhibitor-online-registration-form/

Çäräniň saýty: https://agro.tdap.gov.pk/

Elektron broşýura: https://agro.tdap.gov.pk/wp-content/uploads/2024/04/foodag-brochure-2024-1.pdf

ORIENT news