“Işe girmegiň ýollary” okuwy: “HR-işgär dolandyrma” moduly iýulda başlar
09.06.2024 | 23:50USAID-ň Telekeçiligi ösdürmek taslamasy Maslahatly Chozgut kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Logistika, Marketing, HR – işgärleri dolandyrmak ugurlarynda işe ýerleşmekde täze mümkinçilikleri döretmeklige ugrukdyrylan “Işe girmegiň ýollary” atly maksatnamany başlaýar. Maksatnama zähmet bazarynyň möhüm ugurlarynyň birinde iş tapmaga ymtylýan uniwersitetleriň täze uçurymlaryna gönükdirilendir. Dalaşgärlerden okuwa çynlakaý çemeleşmekleri, ähli sapaklara hem-de çärelere işjeň gatnaşmaklary garaşylýar.
"Işe girmegiň ýollary" maksatnamasy öz aralarynda bagly bolmadyk her biri 1 aý dowam edýän 3 sany moduldan ybaratdyr. Şu ýylyň maý we iýun aýlarynda maksatnamanyň iki moduly başlandy: “Logistika” we “Marketing”.
“HR-işgär dolandyrma” moduly iýulda başlar.
Öňdebaryjy HR-hünärmenleri, size işgärleri dolandyrmaklygyň ähli inçeliklerini özleşdirmäge kömek etmek arkaly, öz bilimlerini we tejribelerini paýlaşar. Siz işiňizde iň ýokary netijeliligi gazanmak üçin täze HR-gurallaryny we platformalaryny nädip ulanmalydygyny öwrenersiňiz.Topary üstünlikli dolandyrmak üçin zerur bolan analitiki, kommunikasiýa we liderlik ukyplaryňyzy kämilleşdirersiňiz. Kabul eden bilimleriňiz we endikleriňiz islendik kompaniýanyň rowaçlanmagy we ösmegi üçin direg boljak netijeli HR-sistemany döretmekde açaryňyz bolar.
Soňky Pitç-Güni – Modulyň tamamlanjak güni – özüňizi iş berijilere tanatmak üçin gaýtalanmajak mümkinçilikdir:
Bu gyzgalaňly çärede sizde potensial iş berijiler bilen gönümel gürrüňdeşlik geçirmek üçin we maksatnamanyň çäklerinde gazanan ukyp-başarnyklaryňyzy hem-de bilimiňizi görkezmek üçin mümkinçilik bolar.
Maksatnamanyň "HR – işgär dolandyrmak" atly 3-nji modulyna gatnaşmaklyga hasaba alynmak üçin görkezilen salgy boýunça ýüz tutma hatyny 2024-nji ýylyň 22-nji iýunyndan gijä galman doldurmak zerurdyr.
Gatnaşyjylary saýlamak konkurs esasynda geçiriler, ýerler çäklendirilendir.