8-nji iýunda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi bolar
07.06.2024 | 11:402024-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň işgärleri we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalary tarapyndan hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler.
Kabul edişlik Türkmenistan Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli bolar.
Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 150
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 12 39-19-20
+993 12 39-19-21
ORIENT news