Germaniýanyň Ilçihanasynyň gorag gullugyna işgär gerek
14.05.2024 | 10:26Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň gorag gullugyna işgär gerek (erkek).
Işgäriň wezipe borçlary şulardan ybarat:
• Ilçihananyň girişinde gelýänlere gözegçilik etmek;
• Goragçy üçin zerur bolan enjamlary talabalaýyk ulanmak;
• Iş wagtynda, şeýle hem zerur bolan halatynda, işden daşary wagtda, Ilçihananyň çäreleriniň çäklerinde howpsuzlyk bilen baglanyşykly wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek;
• Gelýän poçtany kabul etmek we gözegçilik etmek;
• Başga goragçynyň ornuna durmak.
Dalaşgäre bildirilýän talaplar:
• Sagdyn, çylşyrymly ýagdaýlarda durnukly bolmaly;
• Topar bilen işlemäge, şeýle hem gulluk zerurlygy çykan ýagdaýynda iş wagtyndan daşary işlemäge taýýar bolmaly;
• Özüni salyhatly we ynamly alyp barmaly, göze gelüwli geýinmeli, tertipli bolmaly;
• Ygtybarly we jogapkärçilikli bolmaly;
• German ýa-da iňlis dili bilmeli (azyndan A2 derejede bolmaly);
Iş wagty hepdede 40 sagat. Aýlyk zähmet haky ilçihananyň wezipe birliklerine görä bellenilýär.
Ýüztutmalar 26.05.2024. senesine çenli kabul edilýär.
Giňişleýin maglumaty Ilçihananyň saýtynda alyp bolýar.
ORIENT news