“Hazar” konsorsiumy sorujy enjamlar üçin (nasos) ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada bäsleşik yglan edýär
22.02.2024 | 12:40“Hazar” (Gündogar Çeleken ýatagy) şertnamalaýyn çäk babatda Önümi paýlaşmak baradaky şertnama laýyklykda iş alyp barýan hem-de “Türkmen Milli Nebitgaz Kompaniýasyndan” (NaPeCo) we “Mitro International Limited” kompaniýasyndan ybarat bolan “Hazar” konsorsiumy ASPTN magistral we çig mal nasoslarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin aşakdaky Ýüztutma boýunça bazary öwreniş sowalnamasyny geçirýär.
26.01.2024ý., Ýüztutma № 222 ASPTN magistral we çig mal nasoslarynyň ätiýaçlyk şaýlary (45 pozisiýa).
Bazary öwreniş sowalnamasyna gatnaşmak üçin:
Bazary öwreniş sowalnamasyna gatnaşmak isleýän dalaşgäriň ýüztutmasyny (ygtyýarly adamlaryň goly bolan, kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan, habarlaşmak üçin maglumatlar we elektron poçtanyň adresi görkezilen resmi blankada erkin görnüşde) taýýarlamaly we aşakda görkezilen elektron salgysyna ugratmaly;
Türkmenistanly telekeçiler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolmaly hem-de şahadatnamasynyň nusgasyny görkezmeli.
Ýüztutmalar 2024-nji ýylyň 6-njy martyna çenli (ýerli wagt bilen 18.00) çenli kabul edilýär.
Maglumaty almak, ýüztutmanyň mazmuny bilen tanyşmak we ýüztutmany almak işleri elektron poçta arkaly ýa-da aşakda görkezilen salgy boýunça amala aşyrylýar:
745100, Türkmenistan, Balkanabat şäheri, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, kwartal 216, “Hazar” konsorsiumyň edara binasy
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 61 76 -54 -88
+993 61 88-22-95
Elektron salgylar:
sergey.radko@mitromos.com
igor.savochkin@mitromos.com
ORIENT news