Iň täze habarlar

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy ýurduň mediagiňişliginiň wekilleri üçin okuw sapaklaryny geçirýär

03.01.2024 | 16:52
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy ýurduň mediagiňişliginiň wekilleri üçin okuw sapaklaryny geçirýär

ABŞ-nyň Ilçihanasy žurnalistleri, redaktorlary, mugallymlary, media-bilermenleri, prodýuserleri, media döredijileri, SMM hünärmenleri we ähli gyzyklanma bildirýänleri «Turkmenistan Media Literacy 2024» maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Taslamanyň maksady Türkmenistanda media we maglumat sowatlylygy we faktçeking boýunça bilermenler jemgyýetini döretmek we ösdürmek.

Okuw sapaklar rus dilinde geçiriler (türkmen diline sinhron terjime ediler).

Gatnaşmak üçin 2024-nji ýylyň 24-nji ýanwaryna çenli şu ssylka boýunça hasaba alynmaly.

Guramaçylar okuw sapaklarynyň geçýän döwründe gatnaşyjylaryň ýol harajatlary, ýaşamak üçin ýer we nahar bilen bagly çykdajylaryny öz üstüne alýarlar.

Goşmaça maglumat üçin: usembassy-ashgabat-pas@state.gov

ORIENT news