

Bir agşamda üç baýramçylyk we Aşgabat bilen Pekiniň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň täze döwrüniň başlangyjy
1949-njy ýylyň oktýabr aýynyň ilkinji gününde Pekindäki Týananmen meýdançasynda geçirilen köpçülikleýin ýygnanyşykda Mao Szedun Hytaý Halk Respublikasynyň döredilendigini yglan etdi. Şol sene ýurduň taryhynda täze bir döwrüň başlangyjyna öwrüldi. Şondan bäri her ýyl bu gün hytaý halky öz dostlary bilen bilelikde ýurduň baş milli baýramçylygy — Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen gününi belleýär
















