HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Beýik Britaniýa bilen adam maýasy boýunça dialogda «üç köprisi»

Sentýabr 15, 2026 | 13:47 |3133
14-nji sentýabrda Daşkentde «Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa» (C5+UK) formatynda geçirilen ilkinji Seljeriş merkezleriň forumy öz işini tamamlady14-nji sentýabrda Daşkentde «Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa» (C5+UK) formatynda geçirilen ilkinji Seljeriş merkezleriň forumy öz işini tamamlady
Çeşme: orient.tm

14-nji sentýabrda Daşkentde «Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa» (C5+UK) formatynda geçirilen ilkinji Seljeriş merkezleriň forumy öz işini tamamlady. Foruma jemleýji sessiýa hyzmatdaşlygyň adam ölçegine — bilime, hünär başarnyklaryna we düzgünleşdirilýän zähmet hereketliligine bagyşlandy. Merkezi Aziýanyň Halkara institutynyň doly zalynyň işjeňligi agşama çenli peselmedi: bu bölümçäniň çäklerinde hem zalda berlen soraglar we çykyş edenleriň mazmunly jogaplary bilen utgaşan gyzgalaňly, käbir pursatlarda bolsa çekişmeli çykyşlar ýaýbaňlandy.

«Adam köprüleri: bilim, başarnyklar we howpsuz zähmet hereketliligi» atly bölümçe Oksfordyň, Susseksiň, Nýukaslyň uniwersitetlerinden, şeýle-de sebitiň ýurtlarynyň öňdebaryjy seljeriş merkezlerinden gelen öňdebaryjy bilermenleri bir ýere jemledi.

Çekişmäniň derwaýyslygy ilkinji minutlardan aýdyň boldy: getirilen statistiki maglumatlara görä, häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlary Beýik Britaniýanyň möwsümleýin işçiler maksatnamasynyň (Seasonal Worker Scheme) esasy bölegini emele getirýär. 2026-njy ýylyň marty bilen tamamlanýan bir ýylyň dowamynda bu görnüşdäki wizalaryň umumy sanynyň takmynan 78 göterimi olaryň paýyna düşdi. Şeýle-de bolsa, hut şu görkeziji forumyň iň gyzykly many-mazmun gapma-garşylygynyň döremegine sebäp boldy.

c5-uk-forum-human-capital-turkmenistan-three-bridges-analysis (4).jpg

Söz Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boçunça ylmy merkeziniň uly ylmy işgäri Bekdurdy Amansaryýewe geçende, onuň çykyşy zähmet migrasiýasynyň adaty nusgalary bilen garaşylmadyk derejede tapawutlandy:

«Zähmet hereketliligine bagyşlanan sessiýada gapma-garşylykly bolup görünmegi mümkin bolan bir zatdan başlamaga rugsat ediň. Türkmenistan işçi güýjüni eksport edýän ýurt däldir we Beýik Britaniýanyň möwsümleýin işçiler maksatnamasyna gatnaşmaýar. Ýöne biziň bu ýerdäki gatnaşygymyz doly derejede kanunalaýyk: Beýik Britaniýa bilen hyzmatdaşlyk biziň köptaraply strategiýamyzyň bir bölegidir. Bu strategiýada adam köprüleri düýbünden başga nusga boýunça gurulýar».

Bu aýdylanlar tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Türkmen bilermeniniň çykyşy ýurduň adam maýasyny ösdürmegiň başgaça, ýöne ýokary netijeli nusgasyny görkezýän milli strategiýany üç sany esasy «köprä» böldi.

c5-uk-forum-human-capital-turkmenistan-three-bridges-analysis (5).jpg

Birinji köpri: işgärleri eksport etmän, ykdysadyýeti ýurduň içinde gurmak. Sebitdäki zähmet hereketliligi maksatnamalaryna işjeň gatnaşýan goňşy ýurtlardan tapawutlylykda, Türkmenistan Ýewraziýa derejesindäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýokary hünärli işgärleri ýurduň içine çekmäge esasy üns berýär.

Çykyş eden bilermen ýokary hünärli işgärlere bolan içerki zerurlygyň möçberini aýdyň görkezdi. Bu infrastruktura we energetika ugurlarydyr: TOPH gaz geçirijisiniň (Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan) gurluşygy, oňa ugurdaş ýokary woltly elektrik geçirijiniň çekilmegi we Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyň gurulmagy.

Şol bir hatarda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda sanly üstaşyr geçelge we kuwwatly telekommunikasiýa merkeziniň döredilmegi hem bar. Gazagystandan (Garabogaz – Temirbaba ugry arkaly) gelýän optiki süýmli aragatnaşyk geçirijileri we Azerbaýjandan gelýän Hazar deňziniň düýbünden geçýän kabel Türkmenistanyň çäginde birleşip, Owganystanyň (Hyrat, Kandagar) üsti bilen Pakistana tarap ugrukdyrylýar. Şeýlelikde, Günorta Aziýa üçin ýokary tizlikli ätiýaçlyk sanly çykalga döredilýär. Şol bir wagtyň özünde Alat–Türkmenabat we Aşgabat–Guçan birleşmeleri arkaly «Özbegistan – Eýran» magistral ugry hem işleýär.

«Bize daşary ýurtlarda möwsümleýin işleýän işçiler däl-de, ýurduň içinde ýokary derejeli inženerler, IT hünärmenleri, logistler we dolandyryjylar gerek. Biziň ileri tutýan ugrumyz adamlary daşary ýurda ibermek däl-de, döredýän ykdysadyýetimiz üçin hünärmenleri taýýarlamakdyr. Bu üzňelik däl, ileri tutulýan ugurlaryň başgaça yzygiderliligidir: ilki içeride esasy binýady döretmek, soňra bolsa maksada gönükdirilen institusional hereketlilik», diýip, Bekdurdy Amansaryýew nygtady.

c5-uk-forum-human-capital-turkmenistan-three-bridges-analysis (3).jpg

Ikinji köpri: meýilleriň ýerine anyk maglumatlar — britan ugry nähili işleýär. Türkmen bilermeniniň çykyşynyň ikinji bölümi baglanyşyklaryň diňe deklaratiw häsiýete eýe däldigini görkezýän subutnama binýadyna — häzirki wagtda durmuşa geçirilýän anyk taslamalara bagyşlandy. “Chevening” maksatnamasy we “Silk Road” başlangyjy bellenildi: 2024–2025-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň 12 raýaty “Chevening” maksatnamasynyň talyp hakykynyň eýesi boldy. 2026-njy ýylyň sentýabrynda türkmenistanly uçurymlar sebitiň bäş ýurdunyň uçurymlaryny birleşdirip, webinarlar we ylmy maslahatlar geçirmek üçin “Chevening Connect Silk Road” sebit platformasyny işe girizdiler. “British Council”-yň tejribesini giňeltmek hem aýratyn ähmiýete eýe bolýar. “Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegi çaltlandyrmak” (AELLCA) maksatnamasy ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerini öz içine alýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda Nottingem Trent uniwersiteti (Nottingham Trent University) bilen bilelikde mugallymlary okatmagyň inklýuziw usullary (PRESETT we INSETT maksatnamalary) ornaşdyrylýar.

2025–2026-njy ýyllarda Westminster uniwersitetiniň (University of Westminster) hünärmenleri MUGNIR-de, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda CLIL (dili ders bilen utgaşdyryp öwretmek) we ESP (ýörite maksatlar üçin iňlis dili) usullary boýunça okuw-türgenleşikleriň tapgyrlaryny geçirdiler.

Türkmen wekiliýetiniň Londonda geçirilen Bütindünýä bilim forumyna (Education World Forum) gatnaşmagy we halkara PISA baha beriş standartlaryny milli ulgama ornaşdyrmak boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) bilen geçirilen maslahatlaşmalar hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidir.

c5-uk-forum-human-capital-turkmenistan-three-bridges-analysis (2).jpg

Üçünji köpri: institusional standartlara we emeli aň tehnologiýalaryna geçmek. Hyzmatdaşlygyň geljekki ugruny göz öňüne getirip, türkmen seljerjisi Beýik Britaniýanyň öňki daşary işler ministri Deýwid Kemeronyň 2024-nji ýylyň aprelinde Aşgabat saparynyň dowamynda kesgitlenen ýol kartasyna daýanyp, üç sany amaly ädimi teklip etdi.

Bu, aýry-aýry talyp haklaryndan uniwersitetleriň arasyndaky bileleşiklere geçmegi we Türkmenistanyň hem-de Beýik Britaniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilelikdäki bilim maksatnamalaryny, iki diplomly okuw modullaryny we onlaýn kurslary ýola goýmagy; Hazar deňzi üstaşyr geçelgesine hyzmat edýän logistleri we gümrük hünärmenlerini taýýarlamak üçin Orta geçelge boýunça sertifikasiýany hem-de britan hünär standartlaryny, maliýe howpsuzlygyny, arbitražy we iňlis hukugyny ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Ýene bir ugur — “EdTech” we emeli aň, ýagny sanly ykdysadyýetiň işgärlerini öňünden taýýarlamak maksady bilen Beýik Britaniýanyň sanly tehnologiýalaryny we emeli aň gurallaryny Türkmenistanyň bilim ulgamyna integrirlemekdir.

«Biz gaz geçirijilerini, elektrik geçirijilerini, sanly kanallary we adam köprülerini gurýan ýurt. Belki, olar iň giň köprüler däldir, ýöne uzak wagtlap we ygtybarly hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Olary hakykatdan-da Beýik Britaniýa bilen bilelikde gurmak, onsuz gurmakdan has gowudyr», diýip, Bekdurdy Amansaryýew zalda ýaňlanan el çarpyşmalar astynda çykyşyny jemledi.

ююю.jpg

Esasy çykyşlar tamamlanandan soň, bilermenleriň çekişmesi «sorag-jogap» tapgyryna geçdi. Forumyň gatnaşyjylaryny sanly infrastruktura, sertifikatlaryň ykrar edilmeginiň mehanizmleri we britan usulyýet standartlaryny sebit şertlerine uýgunlaşdyrmagyň mümkinçilikleri bilen bagly meseleler gyzyklandyrdy. Çykyş edenleriň jogaplary olaryň meselä çuňňur aralaşýandygyny we amaly işe taýýardygyny görkezdi.

“C5+UK”-niň ilkinji bilermenler duşuşygynyň jemlerini jemläp, Merkezi Aziýanyň Halkara institutynyň direktory Jawlon Wahabow Daşkent forumynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň hökümetlerini ýokary hilli amaly seljeriş bilen üpjün edip biljek yzygiderli seljeriş meýdançasyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026