Barlaglar ADHD we aşgazan-içege alamatlarynyň ýokary ähtimallygynyň arasynda baglanyşyklygyň bardygyny ýüze çykardy


Uorik uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebiniň alymlary 1,9 milliondan gowrak adamyň maglumatlaryny derňäp, Üns ýetmezçiligi we giperaktiwlik sindromy (ADHD) bolan adamlarda aşgazan-içege keselleriniň alamatlarynyň ýüze çykma ähtimallygynyň ep-esli ýokarydygyny ýüze çykardylar.
Bu ylmy barlag «Journal of Attention Disorders» žurnalynda çap edildi. Alymlar 9 613 sany ylmy ýazgynyň arasyndan 23 sany gözleg işini saýlap alyp, ulgamlaýyn syn we meta-seljeriş geçirdiler.
Ýüze çykarylan baglanyşyk
• Umumy görkeziji: ADHD bar bolan adamlarda aşgazan-içege alamatlary bu diagnozy bolmadyk adamlara garanyňda ortaça 48% ýokary boldy.
• Esasy alamatlar: Bu baglanyşyk içegäniň gyjyndyrylmagy sindromy (SRK), iç gatama, garnyň agyrysy, diareýa, dispepsiýa we enkoprez ýaly ähli öwrenilen alamatlar toparynda duýuldy.
• Aýratyn görkezijiler: Enkoprez keseli ADHD-si bolan adamlarda 4 esse, içegäniň gyjyndyrylmagy alamaty bolsa 58% ýokary boldy.
Mümkin bolan sebäpler we mehanizmler
Barlagyň awtorlary heniz ADHD bilen aşgazan-içege keselleriniň arasynda göni sebäpli-netijeli baglanyşyk ýokdugyny, eýsem statistiki taýdan baglydygyny belleýärler.
Mümkin bolan sebäpleriň arasynda:
• Iýmitleniş häsiýetleri: Düzgünleşdirilmedik iýmitleniş we saýlap iýmek endikleri.
• Emosional ýagdaý: Stresse garşy reaksiýalar we emosional dolandyryş aýratynlyklary.
• Sensor duýgurlyk: Iýmitiň hakyky ýagdaýyna duýgurlyk we bedeniň içki duýgularyna düşünmekdäki tapawutlar.
• Derman serişdeleri: ADHD-ni bejermekde ulanylýan käbir dermanlaryň aşgazan-içegä täsir edip, goşmaça ýaramaz täsirleri ýetirip biljekdigi nygtalýar.
Içege we beýni
Içegäniň we beýniniň aragatnaşygyny öwrenmek hem ýene-de bir ugur bolmagynda galýar. Alymlar içege mikrobiomynyň üýtgemegini ýüze çykarylan aragatnaşyga gatnaşmaga ukyply bolan mümkin bolan biologiki mehanizmleriň biri hökmünde seredýärler.
Içege mikroflorasynyň düzüminiň üýtgemeginiň içege bilen nerw ulgamynyň arasynda signallary ibermek amallary bilen baglanyşykly bolmagynyň mümkinçiligi çaklanylýar. Şol bir wagtyň özünde, mikrobiomyň ADHD bolan adamlarda aşgazan-içege alamatlarynyň ýüze çykmasynda takyk haýsy roly oýnaýandygyny kesgitlemek üçin häzirki bar bolan maglumatlar henizem ýeterlik däl.
Netijeleriň ähmiýeti
Işiň awtorlary, eger olaryň ýaşaýyş hiline täsir edýän bolsa, ADHD bolan hassalara gözegçilik edilende aşgazan-içege alamatlarynyň has köp üns berilmegine mynasypdygyny hasaplaýarlar.
Barlag ADHD-niň ýany bilen ýüze çykýan alamatlar baradaky düşünjäni giňeldýär hem-de neýroösüşiň, iýmitleniş özüni alyp baryşynyň, derman serişdeleri arkaly bejerginiň we aşgazan-içege traktyň işleýşiniň arasyndaky baglanyşygy mundan beýläk-de öwrenmegiň zerurlygyny nygtaýar. Şol bir wagtyň özünde, barlagçylar alnan maglumatlaryň ADHD-niň göni manysynda içege bozulmalaryna getirýändigine şaýatlyk etmeýändigini nygtaýarlar.







