Eýran bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryň 35 ýyllygy: Parahatçylyga ymtylýan halklar, ösüşi maksat edinýän ýolbaşçylar


Türkmenistanyň 1991-nji ýylda Garaşsyzlyk almagy Eýran Yslam Respublikasynyň goňşuçylyk geografiýasynda öwrüm nokady bolupdy. Aşgabadyň milli özygtyýarlygyny we Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri bolan Eýran Yslam Respublikasy geçen üç ýarym onýyllygyň dowamynda özüniň demirgazyk-gündogar serhetlerinde hoşniýetli goňşuçylyga, garşylyklaýyn hormat goýmaga we köp ölçegli gatnaşyklary ösdürmäge esaslanýan görelde alarlyk nusganyň düýbüni tutdy. Iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysy taryhy geçmiş siwilizasiýa arabaglanyşyklarynyň, iň ýokary derejedäki işjeň hereketli diplomatiýanyň, serhet potensiallarynyň işe girizilmeginiň, şeýle hem energetika we ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň utgaşmasydyr.
Iki ýurduň syýasy gatnaşyklarynyň düýp binýady iň ýokary dolandyryş derejelerindäki yzygiderli dialoglaryň esasynda emele geldi. Geçen 35 ýylyň dowamynda iki ýurduň prezidentleri resmi saparlar formatynda ýa-da halkara sammitleriniň çäklerinde onlarça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Iki ýurduň liderleriniň syýasy gatnaşyklary Türkmenistanyň ilkinji prezidentiniň döwründen başlap şu güne çenli has ýokarlandy we dürli ykdysady, medeni, söwda, ulag-üstaşyr we halkara ölçeglere eýe boldy. Hormatly jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik döwründe prezidentleriň garşylyklaýyn saparlary we ýokary deredäki duşuşyklary gatnaşyklaryň öňünde durýan synaglaryň we meseleleriň köp sanlysyny paýhaslylyk we dykgatly çemeleşmek arkaly çözdi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýun aýynda Tährana amala aşyran ilkinji resmi saparynyň barşynda hyzmatdaşlyk baradaky köp sanly resminamalara gol çekildi. Bu gatnaşyklaryň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Birleşen Milletler Guramasyniň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň we beýleki halkara sammitleriniň çäklerindäki duşuşyklarda dowam etmegi, iki tarapyň iň ýokary derejedäki ýakyndan hyzmatdaşlygy alyp barmaga bolan ygrarlylygyny subut etdi. Mundan başga-da, geçen 35 ýylyň dowamynda daşary işler ministrleriniň köp sanly duşuşyklary we iki ýurduň ministrler kabinetleriniň agzalarynyň arasyndaky ýüzlerçe duşuşyklar hyzmatdaşlyga bolan garşylyklaýyn erk-islegi tassyklaýar.
Hazar deňzi babatdaky dürli ugurlar, şol sanda Hazar deňziniň hukuk derejesi, deňiz gurşawyny goramak, deňiz ulaglaryny ösdürmek, guramaçylykly jenaýatlaryň dürli görnüşlerine we terrorçylyga garşy göreş we beýleki möhüm deňiz meseleleri boýunça iki ýurduň netijeli we durnuklylygy pugtalandyryjy hyzmatdaşlygy üns bererlikdir. Iki ýurduň prezidentleri Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň alty sammitinde birek-birek bilen duşuşdylar we bu deňize degişli meseleler barada gepleşikler geçirdiler.
Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky 1200 kilometrlik serhet liniýasy geçen 35 ýylyň dowamynda sebitiň iň durnukly we iň howpsuz serhetleriniň biri bolup geldi. Aşgabat tarapyndan 1995-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda ykrar edilen we soň bolsa, ýene iki gezek tassyklanan “Oňyn Bitaraplyk” doktrinasynyň kabul edilmegi Tähranyň goňşuçylyk syýasaty bilen örän sazlaşykly utgaşdy. Bu işjeň bitaraplyk sebitdäki howpsuzlyk bilen bagly wehimleriň umumy serhetlerine ýaýramagyna böwet boldy we düzümleşdirilen hyzmatdaşlyk üçin howpsuz we durnukly gurşawyň emele gelmegine ýol açdy.
Soňky ýyllarda iki ýurduň özara ýakynlaşmagynda möhüm mowzuklaryň biri-de welaýatara diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň işjeňleşdirilmegidir. Eýranyň Golestan, Demirgazyk Horasan we Horasane Razawi welaýatlary bilen ýanaşyk ýerleşýän Türkmenistanyň Balkan, Ahal we Mary welaýatlary ykdysady we ýerli derejedäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdiriji motora öwrüldi. Welaýat häkimleriniň we welaýatlaryň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň baştutanlygyndaky köp sanly ykdysady we söwda wekilleriniň alyşylmagy, Aşgabat we Mary şäherlerinde Eýranyň önümleriniň ýöriteleşdirilen sergileriniň we ýerli jogapkär ýolbaşçylaryň arasynda konsullyk we gümrük meseleleri barada ýygjam gepleşikleriň geçirilmegi tranzit we eksport pudaklaryndaky ýerine ýetiriş bökdençliklerini azaltdy. Ilçileriň we Baş konsullaryň Inçeburun, Sarahs we Lotfabad ýaly işjeň hereket edýän serhet geçelgelerine köp gezek baryp görmekleri, serhet arkaly dolanyşyklary ýeňilleşdirmekde welaýat diplomatiýasynyň tutýan ornuny iň ýokary derejä göterdi.
Ykdysadyýet we energetika ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugta özenini düzýär. Tebigy gaz gorlarynyň ululygy boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistan we gaz gorlarynyň möçberleri boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýän Eýran sebitiň energetika deňagramlylygynda deňsiz-taýsyz orun tutýarlar. 1997-nji ýylda Türkmenistanyň tebigy gazy eksport etmek üçin Sowet Soýuzy darganyndan soň ilkinji gurlan gaz geçirijisi hökmünde “Gurtguýy-Körpeje” gaz geçirijisiniň işe girizilmegi bu ýurduň eksport ýollarynyň diňe bir ugura garaşlylygynyň bozulmagy babatda taryhy ädim boldy. Şondan soňky ýyllarda gaz çalşygy (SWAP) şertnamalarynyň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň energetika diplomatiýasyna täze ölçegler berdi. Hut şular ýaly hyzmatdaşlyk elektroenergetika pudagynda hem alynyp barylýar. 2003-nji ýylda Balkan-Kümmet elektrik geçiriji liniýasynyň işe girizilmeginden bäri, Eýranyň bir böleginiň ýaşaýjylary Türkmenistandan import edilýän elektrik energiýasyndan peýdalanýarlar.
Iki ýurduň arasyndaky Ykdysady, medeni we ylmy hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komissiýanyň on sekiz mejlisiniň, şeýle hem Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça bilelikdäki komissiýanyň duşuşyklarynyň on ýedi tapgyrynyň geçirilmegi söwdany ösdürmekde we üstaşyr gatnawy artdyrmakda netijeli boldy. Söwda pudagynda iki ýurduň gatnaşyklary haryt dolanyşygynyň 5 milliard dollardan aşan “Altyn eýýamyny” hem başdan geçirip gördi. Şeýle-de bolsa, dürli daşarky faktorlaryň täsiri astynda, 2025-nji ýylda iki ýurduň söwda dolanşygynyň möçberi, Türkmenistandan elektrik energiýasynyň satyn alynmagyny hem goşup hasaplanymyzda 700 million dollardan köpräk çykdy. Şeýle-de bolsa, bu ugurda täze maksat, ýagny bar bolan potensialy 3 milliard dollar derejesine çenli ýokarlandyrmak baradaky maksat kesgitlenildi. Iki ýurduň geçen 35 ýyldaky hyzmatdaşlygynyň netijesi, dürli pudaklar boýunça 260-dan gowrak hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekilmegi boldy.
Tranzit pudagynda Eýran-Türkmenistan-Gazagystan transmilli demirýol liniýasynyň (Hazar deňziniň gündogary marşrutynyň) işe girizilmegi we Sarahs, Lotfabad, Bajgiran hem-de Inçeburun serhet geçelgeleriniň işjeňleşdirilmegi, Türkmenistanyň Eýran üçin Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň bazarlaryna elýeterliligini üpjün edýän esasy derweze hökmündäki möhüm ornuny pugtalandyrdy.
Iki halkyň medeni arabaglanyşyklary diplomatik gatnaşyklaryň durnuklylygynyň binýadyny düzýär. Beýik Horasan geografiki giňişliginde umumy siwilizasiýadan gelýän mirasyň bar bolmagy, şeýle hem Eýranyň Golestan we Demirgazyk Horasan welaýatlarynda ep-esli türkmen ilatynyň ýaşamagy iki ýurduň arasynda ruhy arabaglanyşyk köprisini gurdy. Görnükli edebi we tasawwuf şahsyýetleri, aýratyn-da, meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragy iki halkyň özboluşlylygynyň we medeni arabaglanşygynyň nyşanydyr. Maryda geçirilýän Ymam Reza Aleýhissalama bagyşlanan festiwal ýaly her ýyllyk halkara maslahatlary, bilelikdäki medeniýet hepdelikleri we iki ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlyk bu taryhy kökleri diri saklady.
Eýran bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň 35 ýyllyk tejribesi, goňşuçylyga gönükdirilen diplomatiýanyň üstünliginiň subutnamasydyr. Iň ýokary derejedäki diplomatik dialogyň işjeň hereketli welaýat diplomatiýasy, üstaşyr gatnaw ýollarynyň ösdürilmegi, energetiki hyzmatdaşlygyň ýokarlandyrylmagy, Hazar deňzi meseleleri boýunça netijeli özara hereketler bilen utgaşmagy iki ýurdy sebit infrastrukturasy we halkara gatnaşyklary babatda möhüm şärikdeşlere öwürdi. Taraplaryň serhet durnuklylygyna daýanmaklary we garşylyklaýyn ykdysady potensiallardan peýdalanmaklary, bu hyzmatdaşlygyň geljekki onýyllyklarda hem dowam edilmeginiň we ösdürilmeginiň kepilidir.
Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi







