Daşkent Merkezi Aziýanyň polimer bazarynyň öňdebaryjy wekillerini we esasy şertnamalaryny birleşdirýär


22–24-nji sentýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde däp bolan «Plastex Uzbekistan 2026» sergisi geçiriler .
Sergä Awstriýadan, Germaniýadan, Hindistandan, Eýrandan, Italiýadan, Hytaýdan, Latwiýadan, Russiýadan, Saud Arabystanyndan, Türkiýeden we Özbegistandan 250-den gowrak kompaniýa we brend gatnaşjakdygyny tassyklady.
Serginiň guramaçylary — «Iteca Exhibtions» halkara sergiler kompaniýasy we onuň hyzmatdaşy «ICA Eurasia Group».
Her güýzde «Plastex Uzbekistan» sergisi Daşkentde polimer pudagynyň enjamlaryny öndürijileri, çig mal bilen üpjün edijileri, gaýtadan işleýjileri, inženerleri we kärhanalaryň ýolbaşçylaryny bir ýere jemleýär. Özbegistanda plastmassa senagatyna ýöriteleşdirilen ýeke-täk sergi bolmak bilen, bu çäre her ýyl himiýa we polimer toplumlarynyň iň täze işläp taýýarlamalaryny hödürleýär.
Sergä ilkinji gezek gatnaşjak täze kompaniýalaryň arasynda öz çözgütlerini özbek hünärmenlerine ilkinji gezek hödürlejek kärhanalar hem bar. Germaniýanyň «Koenig&Bauer Kammann GmbH» kompaniýasy 70 ýyldan gowrak wagt bäri plastmassa gaplaryň bezeginde ulanylýan doly awtomatlaşdyrylan trafaret çap enjamlaryny öndürýän öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolup durýar. Italiýanyň «Definitive Innovation» kompaniýasy dozalamak, garyşdyrmak, süzmek, saklamak, pnewmatik daşamak we senagat awtomatlaşdyryş tehnologiýalary boýunça öňdebaryjy çözgütleriň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Italiýanyň «PLAS MEC S.R.L.» kompaniýasy PVC, plastmassalar, superkonsentratlar, poroşok örtükleri, konstruksion plastmassalar we beýleki ýokary hilli materiallar üçin garyşdyryş ulgamlarynyň öňdebaryjy öndürijisi hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär. Türkiýäniň «TERMOKAR MAKİNA» kompaniýasy plastmassa, rezin, lukmançylyk, farmasewtika, azyk we awtoulag senagaty ýaly pudaklar üçin ýokary netijelilikli sowadyjy enjamlary we ýylylyk çalşyjy çözgütleri hödürleýär. Sergide ýerli önümçiligi bolsa termoplastik elastomerleriň we olardan öndürilýän önümleriň öňdebaryjy öndürijisi bolan «NOVOPLAST TPE» (Özbegistan) kompaniýasy görkezýär.

Sergä gelýänler plastmassalary öndürmek we gaýtadan işlemek üçin niýetlenen häzirki zaman enjamlary, polimer çig mallary we ýörite goşundylar, pres-galyplar, kömekçi enjamlar, şeýle hem gaplama we gaýtadan işleýän senagat üçin çözgütler bilen tanyşyp bilerler.
«Plastex Uzbekistan» sergisiniň esasy artykmaçlyklarynyň biri onuň amaly görnüşde geçirilmegidir. Bu ýerde myhmanlar enjamlaryň iş ýüzünde işleýşine syn edip, kompaniýalaryň wekillerinden maslahat alyp, tehniki meseleleri öndürijiler we üpjün edijiler bilen göni ara alyp maslahatlaşyp bilerler.
2025-nji ýyldan bäri «Plastex Uzbekistan» sergisi poligrafiýa, gaplama, plastmassa we polimer ugurlaryny birleşdirýän «4P Central Asia» sergisi bilen bilelikde geçirilýär. Şeýle görnüş serginiň ekspozisiýasyny giňeldýär we hünärmenlere özara baglanyşykly birnäçe pudagyň teklipleri bilen bir saparda tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Himiýa we polimer senagaty Özbegistanyň senagat taýdan döwrebaplaşdyrylmagynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar: polimerleriň öndürilişiniň we gaýtadan işlenilişiniň artmagy häzirki zaman enjamlaryna, çig mala we tehnologiýalara durnukly islegi emele getirýär. Şu şertlerde «Plastex Uzbekistan» daşary ýurtly enjam we çig mal öndürijileri, söwda-senagat edaralary hem-de pudaklaýyn birleşmeler üçin möhüm B2B meýdança bolup durýar. Bu ýerde olar özbek bazarynyň häzirki zerurlyklaryny ilkinji çeşmeden öwrenip, önümçiligi ýerli şertlerde ýola goýmagyň we eksportyň mümkinçiliklerine baha berip, pudagyň esasy kärhanalary bilen göni aragatnaşyk gurup bilerler.Resmi wekiliýetler üçin sergi Özbegistanyň bazary nukdaýnazaryndan hem, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri tarapyndan sergide görkezilýän häzirki zaman tehnologiýalarynyň çäginde hem polimer pudagynyň maýa goýum we söwda mümkinçiliklerine baha bermek üçin amaly ähmiýete eýedir.
ORIENT







