HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjan boýunça syýahat: kenarýaka Bakuwyň özüne çekijiliginden Şekiniň Beýik Ýüpek ýolunyň ruhuna çenli

Sentýabr 09, 2026 | 12:25 |8128
Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Baku şäheri geçmiş bilen häzirki zamanyň özboluşly sazlaşygy bilen ilkinji pursatdan özüne çekýärHazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Baku şäheri geçmiş bilen häzirki zamanyň özboluşly sazlaşygy bilen ilkinji pursatdan özüne çekýär
Çeşme: Türkmenistandaky Azerbaýjan Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan hödürlendi

Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Baku şäheri geçmiş bilen häzirki zamanyň özboluşly sazlaşygy bilen ilkinji pursatdan özüne çekýär. “Flame Towers” ýaly häzirki zaman binagärlik täsinlikleri we Geýdar Aliýew merkeziniň akymly çyzyklary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäheriň taryhy merkezi Içeri şäher bilen sazlaşykly utgaşýar.

Путешествие по Азербайджану

Путешествие по Азербайджану

Путешествие по Азербайджану

Bu ýerde egrem-bugram köçeler Gyz galasy we Şirwanşahlar köşgi ýaly meşhur taryhy ýadygärliklere alyp barýar. Gadymy daş köçeler bolsa aýratyn özboluşly gurşawy döredýär. Deňizýaka bulwarynda gezelenç etmek şäheriň has asuda keşbini açyp görkezýär: bu ýerde rahat kafeler, ýaşyl seýilgähler we deňziň giňişligine açylýan ajaýyp görnüşler bar.

Paýtagtdan çykyp, demirgazyk-günbatara — täsirli tebigy landşaftlary, baý däp-dessurlary we özboluşly ýerli medeniýeti bilen tapawutlanýan sebite otly bilen täsirli syýahata çykyp bolýar. Hut şu ýerde Gabala şäheri ýerleşýär.

Путешествие по Азербайджану

Gabalada pasyllaryň ritmi dynç alşyň häsiýetini kesgitleýär. Tomusda bu ýere tokaý ýodalarynda gezelenç etmek we gizlin şarlawuklary gözlemek üçin gelýärler. Gyşda bolsa sebit gar bilen örtülip, lyža we snoubord sürmek üçin amatly ýere öwrülýär. Pasyllaryň çalşýan döwründe bolsa dag tebigatynyň ajaýyp görnüşleriniň arasynda asuda dynç almak üçin iň amatly ýerdir.

Путешествие по Азербайджану

Azerbaýjanda işjeň dynç alşyň esasy merkezleriniň biri hasaplanýan Gabala ýylyň dowamynda dürli görnüşli güýmenjeleri hödürleýär. Ýyly möwsümde kwadrotsikllerde gezelenç etmek, paraplanda uçmak, ok atmak we pyýada ýörişler ýaly işjeň çäreler elýeterlidir. Köp myhmanhanalar işjeň dynç alşy ýokary derejeli spa toplumlary we howuzlar bilen utgaşdyrýar. Saglygyny dikeltmek we dynç almak isleýänler üçin “Yengice Thermal Resort Hotel” we “Chenot Palace” ýaly merkezlerde termal çeşmelerden we bejeriş nebit wannalaryndan başlap, krioterapiýa ýaly häzirki zaman bejeriş usullaryna çenli ýöriteleşdirilen maksatnamalar hödürlenýär.

Путешествие по Азербайджану

Gabala dürli ulag mümkinçilikleri sebäpli ýylyň dowamynda baryp görmek üçin elýeterlidir. Amatly we gözel görnüşli syýahat üçin Baku-Gabala ugry boýunça göni ýolagçy otlusyndan peýdalanyp bolýar. Başga bir mümkinçilik bolsa Baku-Gazah otlusy bilen Lýaki stansiýasyna baryp, soňra Ganja-Gabala liniýasyna geçmekdir. Ýoluň ugrunda ýerleşýän kiçi obalarda Ýüpek ýolunyň däpleri — el işleriniň senetçiligi, öýde taýýarlanylýan milli tagamlar we myhmansöýerlik häzirem saklanyp galýar.

Путешествие по Азербайджану

Syýahatyň ýene bir möhüm nokady Beýik Kawkazyň eteginde ýerleşýän, Ýüpek ýolunyň taryhy şäheri Şekidir. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu şäherde geçmişiň yzlaryny el bilen duýmak bolýan ýaly. Şeki hanlarynyň köşgi nepis şebeke aýnalary bilen aýratyn tapawutlanýar. Kerwensaraýlar, daş düşelen köçeler we Şekiniň halwasy bilen meşhur konditer dükanlary şäheriň gaýtalanmajak keşbini döredýär.

Путешествие по Азербайджану

Şekiniň taryhy merkezi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýektidir. Şäheriň demirgazyk böleginde ýerleşýän bu merkez Ýüpek ýolunyň köp gatlakly mirasyny — asyl taryhy binalary, senetçilik ussahanalaryny we däp bolan kerwensaraýlary özünde saklaýar.

Şäheriň ýüpekçilik pudagynyň ösmegi bilen baglanyşykly geçmişdäki gülläp ösüşi häzirki güne çenli onuň binagärliginde öz beýanyny tapýar. Bir wagtlar Şeki hanlygynyň (1743–1819) galasy bolan Şeki galasy şäheriň keşbinde esasy orunlaryň birini eýeleýär. Galanyň çäginde 1760-njy ýyllarda hökümdarlaryň dolandyryş rezidensiýasy hökmünde gurlan Şeki hanlarynyň köşgi ýerleşýär. Köşk köp asyrlyk çynar agaçlary bilen gurşalyp, baý bezegli içki görnüşleri, çylşyrymly nagyşlary we agaç böleklerinden hem-de müňlerçe reňkli aýna bölejiklerinden ýelim ýa-da çüý ulanylmazdan ýasalan özboluşly şebeke penjireleri bilen tapawutlanýar.

Galanyň çäginde ýerli senetçiligi görkezýän kiçi muzeýler we ussahanalar ýerleşýär. Olaryň arasynda Halk we amaly-haşam sungaty muzeýi, Hünärmentler öýi, ABAD keramika we amaly-haşam sungaty merkezi, şeýle hem ýöriteleşdirilen şebeke ussahanasy bar.

Galanyň daşynda hem şäheriň medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän birnäçe möhüm ýer bar. Olaryň hatarynda Azerbaýjanyň edebiýat işgärleri Mirza Fatali Ahundowyň we Bahtyýar Wahabzadäniň öý-muzeýleri, Şekihanowlaryň öýi, şeýle hem häzirki wagtda myhmanhana hökmünde işleýän XVIII asyra degişli Ýokarky kerwensaraý bar. Ýakyn ýerde ýerleşýän “Ýurd Ýaddaşy” miniatýuralar muzeýinde sebitiň taryhy ýadygärlikleriniň jikme-jik nusgalary görkezilýär. Bu ýer Şekiniň taryhy we gündelik durmuşy bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Путешествие по Азербайджану

Baku bilen Balaken şäherleriniň arasynda syýahat edeniňde ýerli çakyr öndürýän kärhanalarda durup, gizlin dag köllerine tarap ugur alyp we daglaryň ajaýyp panoramalaryna syn edip bolýar. Bu ugur şäheriň hereketli durmuşyny Kawkazyň asuda gözelligi bilen birleşdirip, her bir syýahatçy üçin manyly we dürli öwüşginli tejribäni hödürleýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň teatrlary Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna täze sahna oýunlaryny hödürlärler

Türkmenistanyň teatrlary Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna täze sahna oýunlaryny hödürlärler

00:20 Sentýabr 12, 2026
Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

Teatr bäsleşigi üstünlikli geçirildi

15:00 Sentýabr 11, 2026
Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

00:09 Sentýabr 11, 2026