HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BRICS-iň Nýu-Delide geçirilen sammitiniň netijeleri: söwda, maliýeleşdiriş, infrastruktura

Sentýabr 15, 2026 | 16:00 |320
Çeşme: orient.tm

Nýu-Delide geçirilen BRICS sammiti ýöne bir nobatdaky diplomatik duşuşyk bolman, has adalatly we köp merkezli maliýe ulgamyny döretmek ugrunda möhüm ädim boldy. Dünýä ykdysadyýetiniň çagyryryşlar bilen ýüzbe-ýüz bolýan şertlerinde Ählumumy Günortanyň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýe bolup, ösüş we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Iki günlük sammitiň dowamynda gatnaşyjy ýurtlara hasaplaşyklary öz milli walýutalarynda göni amala aşyrmaga mümkinçilik berjek, şeýlelikde töleg işini ýeňilleşdirjek töleg ulgamyny döretmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu başlangyç çärä gatnaşan dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.

«Biz, BRICS-iň bir ýurdy hökmünde, ABŞ-dan we onuň ykdysadyýete hem-de töleg ulgamlaryna gözegçiliginden garaşsyz bolmalydyrys, sebäbi BRICS-iň düýp manysy hem şundan ybarat. BRICS — bu BRICS ýurtlarydyr» diýip, elektrik gurnama we infrastruktura işleri bilen meşgullanýan Günorta Afrikanyň “Edison Corporation” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji başlygy Wiwian Reddi aýtdy. «Biz köp önüm eksport edýäris we, elbetde, eger öz eýeçiligimizdäki walýutada haýsydyr bir ýurt bilen göni söwda amala aşyryp bilsek, onda iki ýurt hem utuş gazanar» diýip, çagalar kitaplaryny öndürýän hindi kompaniýasy “Navneet Education Limited”-iň ýolbaşçysy Arçit Gala aýtdy.

BRICS ösüşiň dürli ýollaryny saýlap alan ýurtlar üçin umumy ösüşi gazanmak maksady bilen serişdeleri, senagaty we tehnologiýalary birleşdirmäge mümkinçilik berýän platformany hödürleýär. Bu tagallalaryň esasy ugurlarynyň biri maliýeleşdiriş bolup, Täze Ösüş Banky ösüş babatdaky maksatlary durmuşa geçirmek üçin elýeterli we uzak möhletleýin maliýe serişdelerini hödürleýär. BRICS-iň ilkinji agza ýurtlary tarapyndan Şanhaýda döredilen bu bank 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň ahyryna çenli infrastruktura we ekologiýa taslamalary üçin 140 başlangyjy tassyklap, 42,9 milliard ABŞ dollary möçberinde serişdeleri toplady.

Hindistanda bank «Namo Bharat» atly ýokary tizlikli demir ýol ulag ulgamyny maliýeleşdirdi. Bu ulgam sebit merkezleriniň arasynda gatnaw üçin durnukly ugry hödürleýär. Russiýada Täze Ösüş Banky Russiýanyň demir ýollary ulgamynda 3500-den gowrak lokomotiwiň täzelenmegine goldaw berdi. Bu bolsa ýük daşamalaryny has netijeli we energiýa taýdan tygşytly etdi. Braziliýada Täze Ösüş Banky tarapyndan maliýeleşdirilen suw üpjünçiligi taslamasy Paraiba ştatynda 120 müňden gowrak adamy suw geçiriji ulgamy bilen üpjün edýär.

Olaryň köpüsinde häzir diňe ýylyň belli bir döwründe suw geçirijiden peýdalanmak mümkin. Günorta Afrikada bolsa Täze Ösüş Bankynyň maliýeleşdirmegi sekiz welaýatda energiýa kuwwatyny takmynan 1600 megawatta çenli artdyrmaga ýardam etdi. Netijede, her ýyl takmynan 7500 gigawattsagat elektrik energiýasy öndürilýär we kömürturşy gazynyň zyňyndylary millionlarça tonna azalýar.

Bu tagallalar BRICS-iň has giň ähmiýetini görkezýär: ol diňe bir Ählumumy Günortanyň ýurtlaryna halkara derejesinde has güýçli ses almaga mümkinçilik bermän, eýsem ýurtlara olaryň ösüş zerurlyklaryna laýyk gelýän maliýeleşdiriş, tehnologiýalar we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine elýeterlilik döredýär. Şu ýyl BRICS-iň döredilmeginiň 20 ýyllygy bellenilýär.

Ilkibaşda guramanyň düzümine Braziliýa, Russiýa, Hindistan we Hytaý girýärdi, soňra olara Günorta Afrika hem goşuldy. Häzirki wagtda bileleşige 11 agza ýurt we 10 hyzmatdaş ýurt girýär. Şeýlelikde, BRICS ösüp barýan bazarlaryň we ösýän ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin dünýäniň iň täsirli platformasyna öwrüldi.

“CCTV+”-niň habarlar gullugynyň maglumatyna görä, Nýu-Delide geçirilen BRICS-iň 18-nji sammitiniň tamamlanmagy gatnaşyjy ýurtlaryň köptaraplylygy berkitmäge we hyzmatdaşlygyň amaly mehanizmlerini döretmäge bolan ymtylyşyny tassyklady. Milli walýutalarda töleg ulgamynyň döredilmegi baradaky ara alyp maslahatlaşmalar we Täze Ösüş Bankynyň üstünlikli taslamalary BRICS-iň häzirki döwrüň kynçylyklaryna jogap bermäge we Ählumumy Günorta üçin täze mümkinçilikleri açmaga ukyply hakyky güýje öwrülýändigini görkezýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026