Habarlar

Maşatda Türkmenistanyň we Eýranyň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildiMaşatda Türkmenistanyň we Eýranyň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi

Maşatda Türkmenistanyň we Eýranyň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi

Horasan Rezawi welaýatynyň dolandyryş merkezi Maşadyň Söwda palatasynda, iki ýurduň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň we Eýranyň işewür wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi. Iki gün dowam eden bu çäre iki ýurduň söwda we senagat palatalary tarapyndan guraldy diýip, Tahlilbazaar ýazýar.

USAID-iň YDA taslamasynyň «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy Mary welaýatynda amala aşyrylyp başlanýar.USAID-iň YDA taslamasynyň «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy Mary welaýatynda amala aşyrylyp başlanýar.

USAID-iň YDA taslamasynyň «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy Mary welaýatynda amala aşyrylyp başlanýar.

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň okuw merkezi bilen bilelikde guraýan «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy boýunça okuw kurslarynyň Mary şäheriniň Aga Hanjaýew köçesiniň 15-nji “A” jaýynda ýerleşýän okuw binasynda geçirilýändigini we oňa gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň başlanýandygy barada habar berýär.

Arkadag şäherinde azyk, saglygy goraýyş we beýleki maksatly serişdeleriň önümçilik desgalary gurlarArkadag şäherinde azyk, saglygy goraýyş we beýleki maksatly serişdeleriň önümçilik desgalary gurlar

Arkadag şäherinde azyk, saglygy goraýyş we beýleki maksatly serişdeleriň önümçilik desgalary gurlar

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, sebitlerde senagat pudagyny ösdürmek, klaster taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.