HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owganystan ilkinji gezek ABŞ-a önüm eksport etdi - bu nar şiresidir

Iýul 26, 2023 | 00:05 |13676
Owganystanyň Söwda we senagat ministrligi Owganystandan ABŞ-a ilkinji gezek
nar şiresi içgiler tapgyrynyň eksport edilendigini habar berdi. Içgiler Hyratdaky
kompaniýa tarapyndan öndürilendir.Owganystanyň Söwda we senagat ministrligi Owganystandan ABŞ-a ilkinji gezek
nar şiresi içgiler tapgyrynyň eksport edilendigini habar berdi. Içgiler Hyratdaky
kompaniýa tarapyndan öndürilendir.
Çeşme: pamircola-co.com

Owganystanyň Söwda we senagat ministrligi Owganystandan ABŞ-a ilkinji gezek nar şiresi içgiler tapgyrynyň eksport edilendigini habar berdi. Içgiler Hyratdaky kompaniýa tarapyndan öndürilendir.

Ministrligiň resmi wekili Ahundzad Abdul Salam Jawadyň aýtmagyna görä, bu içerki önümiň eksporty ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşinde möhüm ädimdir – diýip, TOLOnews habarlar gullugy habar berýär.

1.jpg

“Ýakynda “Pamir Kola” kompaniýasynyň nar şiresi içgileri bolan 45 tonnalyk iki konteýner Amerika ugradyldy. Şeýle hem, içgiler Germaniýa we Gazagystana iberildi, bu ugurda eksportyň möçberini giňeltmek meýilnamalarymyz bar, biz önümlerimizi beýleki ýurtlara hem ugradyp bilerdik” – diýip, ministrligiň wekili aýtdy.

Kompaniýanyň satuw boýunça müdiri TOLOnews-e “Pamir Kola” kompaniýasynyň öz önümlerini Eýrana, Birleşen Arap Emirliklerine we Merkezi Aziýa ýurtlaryna hem ugradýandygyny belleýär. Alkogolsyz içgiler tapgyry ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyna Karaçi portunyň üsti bilen eksport edildi.

Hyrat Söwda we maýa goýum palatasynyň statistikasyna görä, häzirki wagtda bu senagat şäherinden dürli ýurtlara önümleriň 15 görnüşi eksport edilýär. Bu ýyl Hyratdan eksport, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 11% ýokarlandy we umumy söwda ABŞ-nyň 110 million dollaryna deň boldy.

2.jpg

Ozal Owganystanyň Söwda we senagat ministrligi şu ýyl ýurduň eksportynyň umumy möçberiniň 350 million dollardan geçendigini habar beripdi. Eksportyň aglaba köp bölegi (esasan-da täze we kakadylan miwe, haly we safran) Pakistana, Hindistana, Hytaýa we Eýrana gidýär.

Owgan öndürijileri täze gaýtadan işleýän kärhanalary we iş ýerleri döretmek üçin has köp maýa goýumlaryny çekmegi umyt edýärler. Ýaňy-ýakynda Kabulda ýüzlerçe ýerli kompaniýanyň we Eýranyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Päkistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen senagat sergisiniň esasy maksady hem şundan ybarat. Netijede, umumy möçberi 45 million dollarlyk söwda ylalaşyklaryna gol çekildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026