Habarlar

Ýoga: siziň bitewi saglygyňyza tarap ýolÝoga: siziň bitewi saglygyňyza tarap ýol

Ýoga: siziň bitewi saglygyňyza tarap ýol

21 –nji iýunda bütin dünýäde Halkara ýoga güni bellenip geçilýär. Bu ýyl ýoganyň 9-njy Halkara güni bolar, onuň temasy – «Wasudhaýwa Kutumbakam üçin ýoga», ýagny «Bütin dünýä – bir maşgala», bu şeýle hem Hindistanyň Uly ýigrimilikde häzirki başlyklyk etmeginiň hem temasydyr. Ýoganyň halkara gününiň başlanmagyny 2014-nji ýylyň dekabryna degişli etmek bolýar, şonda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy (BMG BA) Hindistanyň başlangyjy bilen şu mesele boýunça rezolýusiýany kabul etdi, ony agza-döwletleriň 177-si goldady, bu BMG-nyň BA-nyň tutuş taryhynda islendik rezolýusiýa üçin rekorddyr. 2023-nji ýylda ýoganyň Halkara gününde ýoga sapaklary Arktikadan Antarktika çenli geçer we bütin dünýä boýunça belli portlarda ýoganyň görkezilişleri bilen «Bütindünýä umman halkasy» dörediler.

«Sirius» merkezi Ýewraziýa ýurtlarynyň we GDA ýurtlarynyň gatnaşmagynda halkara bilim ulgamyny döretmegi meýilleşdirýär«Sirius» merkezi Ýewraziýa ýurtlarynyň we GDA ýurtlarynyň gatnaşmagynda halkara bilim ulgamyny döretmegi meýilleşdirýär

«Sirius» merkezi Ýewraziýa ýurtlarynyň we GDA ýurtlarynyň gatnaşmagynda halkara bilim ulgamyny döretmegi meýilleşdirýär

Zehinli çagalar üçin «Sirius» Bütinrussiýa bilim merkezi tarapyndan Ýewraziýa we GDA ýurtlarynyň gatnaşmagynda halkara bilim ulgamyny döretmek boýunça taslamanyň ýerine ýetirilmegi başlandy. Bu barada Siriusyň federal çäginiň Geňeşiniň başlygy, «Sirius» bilim merkeziniň baştutany Ýelena Şmelýowa salgylanyp, TASS habar berýär.

Ahalyň daýhan birleşigi galla tabşyrmak boýunça borçnamasyny ilkinji bolup berjaý etdilerAhalyň daýhan birleşigi galla tabşyrmak boýunça borçnamasyny ilkinji bolup berjaý etdiler

Ahalyň daýhan birleşigi galla tabşyrmak boýunça borçnamasyny ilkinji bolup berjaý etdiler

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Ýaz Meýdan» daýhan birleşigi galla tabşyrmak boýunça döwlet borçnamasyny 24,4%-den geçirip, artygy bilen ýerine ýetirdi. Birleşigiň galla öndürijileri meýilleşdirilen 1,7 müň tonna bugdaýyň ýerine 2,2 müň tonna dänäni kabul ediş nokatlaryna tabşyryp, döwlet borçnamasyny ilkinji bolup ýerine ýetirdiler - diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

“EKSPO-2025-däki” Türkmenistanyň pawilýonyhttps://orient.tm/storage/temp/public/fc9/ea5/45b/thumb_fc9ea545b4d5fee54f24ed71e21d27201687153204_300x255_auto.jpgny “Belli” kompaniýasy gurar“EKSPO-2025-däki” Türkmenistanyň pawilýonyhttps://orient.tm/storage/temp/public/fc9/ea5/45b/thumb_fc9ea545b4d5fee54f24ed71e21d27201687153204_300x255_auto.jpgny “Belli” kompaniýasy gurar

“EKSPO-2025-däki” Türkmenistanyň pawilýonyhttps://orient.tm/storage/temp/public/fc9/ea5/45b/thumb_fc9ea545b4d5fee54f24ed71e21d27201687153204_300x255_auto.jpgny “Belli” kompaniýasy gurar

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Belli” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.