

Merkezi Aziýa ýurtlary howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler
Iýun aýynyň 20-21-i aralygynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň köp sanly hökümet we raýat jemgyýeti guramalaryna, şeýle hem sebit we halkara guramalaryna wekilçilik edýän 60-dan gowrak gatnaşyjy Özbegistanyň Daşken şaherinde seminara ýygnandylar. Bu çäre, ÝHHG-nyň Ykdysady we daşky gurşaw çäreleriniň utgaşdyryjysynyň edarasy bilen Berliniň analitik merkezi Adelphi-niň bilelikdäki hyzmatdaşlygynda guraldy.



















