HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy ýarym ýylda $430 mln-dan gowraga ýetdi

Iýul 31, 2023 | 15:00 |1280
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 4,7% artyp, $438 mln-a ýetdi. Bu görkeziji boýunça Türkmenistan Özbegistanyň GDA ýurtlarynyň arasyndaky iri söwda hyzmatdaşlarynyň reýtinginde Russiýadan, Gazagystandan we Gyrgyzstandan soňra dördünji ýeri eýeleýär.Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 4,7% artyp, $438 mln-a ýetdi. Bu görkeziji boýunça Türkmenistan Özbegistanyň GDA ýurtlarynyň arasyndaky iri söwda hyzmatdaşlarynyň reýtinginde Russiýadan, Gazagystandan we Gyrgyzstandan soňra dördünji ýeri eýeleýär.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 4,7% artyp, $438 mln-a ýetdi. Bu görkeziji boýunça Türkmenistan Özbegistanyň GDA ýurtlarynyň arasyndaky iri söwda hyzmatdaşlarynyň reýtinginde Russiýadan, Gazagystandan we Gyrgyzstandan soňra dördünji ýeri eýeleýär.

Degişli görkezijileri GDA-nyň metbugat gullugy Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky statistika Agentligi tarapyndan çap edilen infografikada getirýär. Aýan edilen sanlara laýyklykda, Arkalaşygyň ýurtlarynyň goňşy respublikanyň daşary söwda amallaryndaky ülşi 33% töweregidir.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky daşary söwda saldosy birinjisi üçin öňyn bolmagynda galýar: harytlaryň eksportyndaky we importyndaky tapawut $277,7 mln deňdir. Daşkendiň GDA ýurtlarynyň arasyndaky deňeşdirilende kiçi söwda hyzmatdaşy Moldowa boldy, onuň bilen haryt dolanyşygy $4,9 mln-a deň boldy.

Üstümizdäki ýylyň mart aýynda özbek wise-premýeri Jamşid Hojaýew soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň dört esse artandygyny we geçen ýylda $1 mlrd-dan geçendigini beýan etdi. Şonda özbek hökümetiniň agzasy onuň ýurdunyň türkmen tekstil önümleriniň, dökünleriň, energo serişdeleriniň, himiýa we aýna senagatynyň önümlerini satyn almalaryny artdyrmaga gyzyklanýandygyny belledi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026