

Türkmen ilçisi Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Lýaýene ynanç hatyny gowşurdy
Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow 28-nji iýulda Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Lýaýene ynanç hatyny gowşurdy. Söhbetdeşlikde ilçi Türkmenistanyň mümkin bolan ähli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini has-da pugtalandyrmak borjuny tassyklady.




















