

Sanly özygtyýarlylyga hormat goýmak — akylly geljegi bilelikde gurmak | HHR-niň Türkmenistandaky Ilçisiniň makalasy
Häzirki wagtda emeli aň, uly maglumatlar, bulutlaýyn hasaplamalar we beýleki tehnologiýalar bilen şertlendirilýän ylmy-tehniki rewolýusiýanyň we senagat özgertmeleriniň täze tapgyry çalt depginlerde ösýär. Sanly tehnologiýalar önümçiligiň usullaryny we gündelik durmuşyň keşbini görlüp-eşidilmedik tizlikde üýtgedýär, halkara syýasy we ykdysady ýagdaýyna, şeýle hem howpsuzlyk ulgamyna düýpli täsirini ýetirýär















