Hindistanyň bilermenleri Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary üçin aýurwede boýunça webinar geçirdiler


Hindistanyň Goa ştatynda ýerleşýän Bütin Hindistan Aýurwede instituty (AIIA) Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary üçin okuw webinarını gurady. Bilim çäresi hindi adaty lukmançylygynyň esasy nazaryýetine — Tridoşa düşünjesine we keselleriň ösüş mehanizmlerine bagyşlandy.
Onlaýn umumy okuw sapagyna Dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetiniň talyplary gatnaşdylar. Institutyň dekanynyň orunbasary doktor Mohan R.Joşi talyplara üç esasy ýaşaýyş energiýasynyň deňagramlylyk ýörelgelerini jikme-jik düşündirdi. Olar Wata (howa we giňişlik), Pitta (ot we suw), şeýle hem Kapha (ýer we suw) energiýalarydyr. Ol bu deňagramlylygyň bozulmagynyň keselleriň ýüze çykmagyna we ösüşine nähili täsir edýändigini görkezdi. Çäräniň ahyrynda bolsa geljekki lukmanlaryň sowallaryna jogap berdi.

Bu çäre saglygy goraýyş ulgamynda iki ýurduň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda nobatdaky ädim boldy. Hindistan bilen Türkmenistan adaty lukmançylyk ulgamyndaky gatnaşyklary işjeň ösdürýärler: 2015-nji ýyldan bäri Aşgabatda Ýoga we adaty lukmançylyk merkezi hereket edýär, şu ýylyň başynda bolsa paýtagtyň lukmançylyk uniwersitetinde ýöriteleşdirilen Aýurwede otagy açyldy.
Hindistan tarapy «giňeldilen goňşuçylyk» döwlet syýasatynyň çäklerinde lukmançylyk, farmasewtika we saglygy dikeltmegiň adaty usullary ugurlarynda öňdebaryjy tejribelerini hem-de bilimlerini Türkmenistan bilen mundan beýläk-de paýlaşmagy maksat edinýär.
ORIENT








