Türkmenistanda «MAMA. Ene tebigat» atly halkara sergi geçiriler


Ýakyn günlerde Türkmenistanda noýabr aýynyň ortalaryna çenli dowam etjek «MAMA. Ene tebigat» atly halkara sergi öz işine başlar. Giň gerimli taslamanyň guramaçylary bolup Geýdar Aliýew gaznasy we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy çykyş edýär.
Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Bakuda ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäräniň dowamynda habar berdi. Diplomat medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtady.
Medeniýet günleri, festiwallar we sergiler ýaly bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmaga ýardam berýär. Belläp geçsek, ozal Türkmenistanyň Medeniýet günleri Bakuda we Genjeda üstünlikli geçirilipdi. Azerbaýjanyň Medeniýet günleri bolsa Aşgabatda we Arkadag şäherinde geçirildi.
ORIENT







