HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Gazprom” “Geljegiň oýunlary” (Igry buduşşego) atly ilkinji halkara ýaryşynyň baş hemaýatkäri bolar

Awgust 17, 2023 | 23:43 |6300
Russiýa Federasiýasynyň Wise-premýeriniň orunbasary Dmitriý Çernyşenko penşenbe güni Sankt-Peterburgyň Lahta merkezinde “Gazprom” PJ-niň Dolandyryş geňeşiniň başlygy Alekseý Miller bilen duşuşdy.Russiýa Federasiýasynyň Wise-premýeriniň orunbasary Dmitriý Çernyşenko penşenbe güni Sankt-Peterburgyň Lahta merkezinde “Gazprom” PJ-niň Dolandyryş geňeşiniň başlygy Alekseý Miller bilen duşuşdy.
Çeşme: gazprom.ru

Russiýa Federasiýasynyň Wise-premýeriniň orunbasary Dmitriý Çernyşenko penşenbe güni Sankt-Peterburgyň Lahta merkezinde “Gazprom” PJ-niň Dolandyryş geňeşiniň başlygy Alekseý Miller bilen duşuşdy.

Taraplar jemgyýetçilik ähmiýetli taslamalary - haýyr-sahawat, medeni, sport taslamalaryny durmuşa geçirmekde kompaniýanyň goşandyny ara alyp maslahatlaşdylar.

“Gazprom” PJ-niň köp ýyl bäri Russiýada sport hereketiniň ösüşine yzygiderli gatnaşýandygy, hünär sportunyň ösmegine işjeň ýardam berýändigi, milli sport federasiýalaryna goldaw berýändigi, ýokary derejeli ýaryşlary geçirmäge kömek edýändigi barada hem bellenip geçildi.

Duşuşygyň barşynda Alekseý Miller bilen Dmitriý Çernyşenkonyň gatnaşmagynda resminamalara gol çekildi, şoňa laýyklykda “Gazprom” “Geljegiň oýunlary” (Igry buduşşego) atly ilkinji halkara multisport ýaryşynyň baş hemaýatkäri bolup, bedenterbiýäniň we kibersportuň birleşmeginde taryhda ilkinji oýunlary geçirmäge ýakyndan ýardam berer. Bäsleşik 2024-nji ýylda Kazanda geçiriler.

Ýaryş sanly tehnologiýalary we bedenterbiýe işjeňligini birleşdirýän innowasion sportuň ösmegine we olaryň adaty sport bilen sazlaşmagyna goldaw bermegi maksat edinýär.

Bäsleşikler 16 gibrid ders boýunça geçiriler. Olaryň her biri "fijital" (physical+digital) düşünjesini öz içine alýar, ýagny bedenterbiýäni we kibersporty ýa-da wirtual we giňeldilen hakykat tehnologiýalaryny birleşdirýär. Bäsleşige 100 ýurtdan toparlaryň we türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026