Bakuda geçiriljek halkara maýa goýum forumyna dünýäniň 100 ýurdundan kompaniýalar gatnaşar


Iri maýa goýum forumy dekabr aýynda Bakuda 100 töweregi ýurtdan 500-den gowrak kompaniýanyň wekillerini birleşdirer. Azerbaýjan françaýzing assosiasiýasy (FAA) tarapyndan gurnalýan Turan-Ykdysady forumy syýahatçylyk pudagyna halkara maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilendir – diýip, AzerNews habar berýär.
Azerbaýjan françaýzing assosiasiýasynyň başlygy Jamid Mowsumow ýakyn ýyllarda forumyň Türkiýede, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Türkmenistanda, Özbegistanda we Wengriýada geçiriljekdigini habar berdi.
Baku platformasynda bolsa durnukly syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, iş ýerlerini we ykdysady mümkinçilikleri döretmek, şeýle hem Azerbaýjanyň medeni mirasyny wagyz etmek ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň we hususy pudagyň ösmegine amatly şert döretmegiň mümkinçiliklerine serediler. Forumda maýa goýum şertnamalarynyň baglaşylmagyna garaşylýar.
ORIENT news








