HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Daniýaly satyjy Auluna Özbegistanda eşik öndürmek isleýär

Awgust 17, 2023 | 19:48 |6190
Daniýaly onlaýn satyjy Auluna Private Lable – daşky geýimleri, şol
sanda eko derileri satyjy we öndüriji Hytaýdan önümçilik kuwwatynyň
bir bölegini Özbegistana geçirmegi meýilleşdirýär. Täze ýerde zawod
açmak bilen, kompaniýa logistika meselelerini çözmegi we harytlary
Ýewropa bazaryna eltmek üçin sarp edilýän wagty azaltmagy maksat
edinýär. Häzirki wagtda Hytaýdan Ýewropa önümler ortaça 6-7 hepdede
barýar.Daniýaly onlaýn satyjy Auluna Private Lable – daşky geýimleri, şol
sanda eko derileri satyjy we öndüriji Hytaýdan önümçilik kuwwatynyň
bir bölegini Özbegistana geçirmegi meýilleşdirýär. Täze ýerde zawod
açmak bilen, kompaniýa logistika meselelerini çözmegi we harytlary
Ýewropa bazaryna eltmek üçin sarp edilýän wagty azaltmagy maksat
edinýär. Häzirki wagtda Hytaýdan Ýewropa önümler ortaça 6-7 hepdede
barýar.
Çeşme: newshab.uz

Daniýaly onlaýn satyjy Auluna Private Lable – daşky geýimleri, şol sanda eko derileri satyjy we öndüriji Hytaýdan önümçilik kuwwatynyň bir bölegini Özbegistana geçirmegi meýilleşdirýär. Täze ýerde zawod açmak bilen, kompaniýa logistika meselelerini çözmegi we harytlary Ýewropa bazaryna eltmek üçin sarp edilýän wagty azaltmagy maksat edinýär. Häzirki wagtda Hytaýdan Ýewropa önümler ortaça 6-7 hepdede barýar.

Zawodyň gurluşygyna Özbegistan esasy dalaşgär boldy. Ösen deri we aýakgap pudagy hem ýurduň peýdasyna oýnady. Şeýle hem, maýa goýujy, özbek tarapy bilen bilelikde Daniýada Özbegistanda öndürilen aýakgap önümlerini görkezýän sergi zalyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Bu önümleri Skandinaw ýarym adasynyň ýurtlarynda satmak üçin onlaýn platforma ýene bir taslama bolup biler.

Bu işewürli mowzuklary «Uzcharmsanoat» assosiasiýasynyň başlygy Fahriddin Boboýew we Daniýanyň «Auluna Private Lable» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Kristian Aaçman bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykdan soň taraplar Özbegistanda eko-deri önümlerini öndürmek meýilnamasyny jikme-jik işläp düzmek barada ylalaşdylar diýip, Podrobno.uz habar berýär.

«Auluna Private Lable» 1965-nji ýylda Daniýada esaslandyryldy we häzirki wagtda Skandinawiýada we Germaniýada eko-deri we dokma eşikleriniň onlaýn satyjysy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026