

Ýylyň başyndan bäri Türkmenistan Azerbaýjana 30 million dollarlyk suwuk ýangyç iberdi
2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistan Azerbaýjana senagatda ulanmak üçin 75808 tonna suwuk ýangyç eksport etdi. Bu barada Azerbaýjanyň statistika baradaky döwlet edarasy habar berýär.




















