Habarlar

Türkmenistan we Germaniýa «ýaşyl» tehnologiýalary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry diýip atlandyrdylarTürkmenistan we Germaniýa «ýaşyl» tehnologiýalary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry diýip atlandyrdylar

Türkmenistan we Germaniýa «ýaşyl» tehnologiýalary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry diýip atlandyrdylar

Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi sişenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Germaniýanyň Ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň baş müdiri Maýkl Harmsyň duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Nemes myhmany sapar bilen türkmen paýtagtyna geldi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.

“Älem TV” kartlary indi “Türkmenpoçtanyň” ähli nokatlarynda satylyp başlanar“Älem TV” kartlary indi “Türkmenpoçtanyň” ähli nokatlarynda satylyp başlanar

“Älem TV” kartlary indi “Türkmenpoçtanyň” ähli nokatlarynda satylyp başlanar

1-nji awgustdan “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kärhanasy özüniň ähli nokatlarynda “Älem TV” hemra teleýaýlymynyň kartlaryny satyp başlar. “Älem TV” operatory Ýewropanyň, Aziýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Hindistanyň 230-dan gowrak teleýaýlymyny hemra aragatnaşygy arkaly görkezýär. Hemra aragatnaşygy arkaly teleýaýlymy bökdençsiz we ýokary hilli görmek isleýänler öňümizdäki aýdan operatoryň degişli kartlaryny “Türkmenpoçtanyň” ähli nokatlaryndan satyn alyp bilerler.

10 müň tonna nebit artyk çykaryldy10 müň tonna nebit artyk çykaryldy

10 müň tonna nebit artyk çykaryldy

“Türkmennebit” döwlet konserniniň iň baýry ýataklarynda iş alyp barýan “Goturdepenebit” nebit-gaz müdirliginiň hünärmenleri şu ýylyň birinji ýarymynda nebit berýän guýulardan 534 müň tonna nebit aldylar. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwrüniň önümçilik görkezijisi bilen deňeşdirilende, bu hazynalar mesgeninden gymmatly uglewodorod çig malynyň jemi 10 müň 125 tonnasynyň artyk alnandygyna şaýatlyk edýär.

Gazagyztanyň awiakompaniýasy zenanlar ekipažy bilen ilkinji uçuşyny amala aşyrdyGazagyztanyň awiakompaniýasy zenanlar ekipažy bilen ilkinji uçuşyny amala aşyrdy

Gazagyztanyň awiakompaniýasy zenanlar ekipažy bilen ilkinji uçuşyny amala aşyrdy

QAZAQ AIR awiakompaniýasynyň uçary taryhy uçuş etdi: De-Gawilland Dash 8- Q400 uçarynyň ekipažy tutuşlygyna aýallardan ybaratdy diýip, Almaty.tv awiakompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanýar. Serkerde Ýekaterina Swerçkowanyň we ikinji uçarman Ažar Nesipbaýewanyň gözegçiliginde howa gämisi Astana - Petropawlowsk - Astana we Astana - Omsk - Astana ugurlarynda iki uçuş amala aşyrdy. Tutuş ekipaž aýaldan – uçaryň serkerdesi, ikinji uçarman we 2 bortprowodnikden ybaratdy.