Habarlar

Täjigistan zähmet migrantlarynyň hünär taýýarlygyna girişerTäjigistan zähmet migrantlarynyň hünär taýýarlygyna girişer

Täjigistan zähmet migrantlarynyň hünär taýýarlygyna girişer

Täjigistanda ýurtda migrantlary hünärmen derejesinde taýýarlamak boýunça taslama ýola goýulýar. Esasy üns hünärmenleriň dil bilimine gönükdiriler, sebäbi respublikanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda işe ýerleşmeginde esasy päsgelçilik olaryň daşary ýurt dillerini bilmezligidir. Ulular üçin bilim merkezlerinde iňlis, koreý we ýapon dili kurslaryny açmak meýilleşdirilýär – diýip, Sputnik habar berýär.

"Miwe" türkmen kompaniýasy Gazagystana ýetişen miweleriň eksportyny amala aşyrýar"Miwe" türkmen kompaniýasy Gazagystana ýetişen miweleriň eksportyny amala aşyrýar

"Miwe" türkmen kompaniýasy Gazagystana ýetişen miweleriň eksportyny amala aşyrýar

Dürli miweleriň onlarça tonnasy Gazagystana ugradyldy. Bu önümler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan eksport edilýär. Kompaniýanyň düzümine hersi anyk bir miwäni ösdürip ýetişdirýän "Hemsaýa", "Datly miwe", "Miweli atyz", "Gök bulut" ýaly hojalyk jemgyýetleriniň birnäçesi girýär.