HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Beýik Britaniýada Ýelizaweta II-niň hatyrasyna göwher bilen bezelen uly teňňe döredildi

Sentýabr 07, 2023 | 23:26 |9652
Agramy birnäçe kilograma barabar we iki tarapynda-da müňlerçe göwher bilen bezelen uly ýadygärlik teňňe Gündogar - Hindistan iňlis kompaniýasy tarapyndan Şa aýaly Ýelizaweta II-niň aradan çykmagynyň birinji ýyllygynyň öňisyrasynda taýýarlandy.Agramy birnäçe kilograma barabar we iki tarapynda-da müňlerçe göwher bilen bezelen uly ýadygärlik teňňe Gündogar - Hindistan iňlis kompaniýasy tarapyndan Şa aýaly Ýelizaweta II-niň aradan çykmagynyň birinji ýyllygynyň öňisyrasynda taýýarlandy.
Çeşme: The East India Company/Twitter

Agramy birnäçe kilograma barabar we iki tarapynda-da müňlerçe göwher bilen bezelen uly ýadygärlik teňňe Gündogar - Hindistan iňlis kompaniýasy tarapyndan Şa aýaly Ýelizaweta II-niň aradan çykmagynyň birinji ýyllygynyň öňisyrasynda taýýarlandy.

"Adaty bolmadyk ýadygärlik teňňesi Onuň Alyhezreti Şa zenany Ýellizaweta II-niň dowamly mirasyny bellemek üçin döredildi" - diýip, kompaniýa X (öňki Twitter) sosial torunda habar berdi.

Şaýy pul “Täç” diýlip atlandyryldy. Ol basketbol pökgisiniň ululygynda bolup, iki tarapynda-da kiçi altyn bölekleri we göwher bilen bezelendir. Önümçilik üçin ýokary standartly 3,61 kg altyn sarp edildi. Bu iş 6426 göwher bilen örtülendir we kompaniýanyň web sahypasynda aýdylyşyna görä, ony ýasamaga sekiz ýurtdan 83 sany hünärmen gatnaşdy.

ikinji tarapynda Ýelizaweta II-niň soňky portretini şekillendirýän altyn örtük bar we töwereginde müňlerçe göwher Birleşen Korollygyň baýdagyny emele getirýär. Öň tarapy Şa aýalynyň öňki portretleri bolan dörtlik teňňe we ahlaklylygy görkezýän altylyk teňňe bilen bezelipdir, bu tarapdaky gymmat bahaly daşlar ajaýyp nagyşy emele getirýär.

Bahasy takmynan 18,5 million funta satylsa dünýädäki iň gymmat teňňe bolup biler. Bu rekord dereje häzir 2021-nji ýylda 15.2 million funt sterlinge bahalanan “Double Eagle” teňňesinde saklanýar.

Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II ýurdy 70 ýyldan gowrak dolandyrdy. Ol 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Şotlandiýada 96 ýaşynda aradan çykdy. Ony soňky ýoluna ugratmak dabarasy 19-njy sentýabrda Westminster ybadathanasynda geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026