

Türkmenistan bilen Braziliýa BMG-niň düzümlerinde geçiriljek saýlawlarda birek-biregi goldamaga taýýardyr
Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa kärdeşi, Braziliýanyň BMG-däki hemişelik wekili Serjio Fransiýa Danes bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň BMG-daky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa kärdeşi, Braziliýanyň BMG-däki hemişelik wekili Serjio Fransiýa Danes bilen duşuşdy.


Minsk şäherinde Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulýew 1-nji sentýabrda Belarussiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Sergeý Aleýnik bilen duşuşdy.


2-nji sentýabrda Wengriýanyň Lakitelek şäherinde “Türki dünýäsiniň nakgaşlarynyň duşuşygy” taslamasynyň çäginde Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkiýeden gelen suratkeşleriň eserleriniň sergisi açylar. Bu barada Budapeştde geçirilen Wengriýanyň Milli mejlisinde metbugat ýygnagynda TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Soltan Raýew habar berdi, diýip, guramanyň saýty ýazýar.


Tatarystanyň paýtagtynda geçirilen “Tagamly Kazan” gastrofestiwalynda hoşboý ysly türkmen palawy üçin uzyn hatar düzüldi. Festiwal Türkmenistanyň Baş konsullygy we Kazan syýahatçylyk komiteti tarapyndan gurnaldy.


Türkmenistanyň halk artisti, opera aýdymçy Atageldi Garýagdyýew Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitinde ýerine ýetiren aýdymy Magtymguly Pyragy hakynda surata düşürilýän täze dokumantal filmi bezär. Bu film häzirki wagtda "Türkmenfilm" birleşigi tarapyndan Astrahanda surata düşürilýär.


“Petronas Çarigali” kompaniýasy we “Türkmengaz” döwlet konserni Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki 7-nji orta mekdebi dolulygyna döwrebaplaşdyrdylar. Bu mekdep baryp-ha 1936-njy ýylda gurlandy. 87 ýyllyk toýuny bellän mekdebe şu gün – 1-nji sentýabrda täze janlanyş bagyşlandy.


Bilimler we talyp ýaşlar gününde Arkadag şäherinde, Türkmenistandaky birnäçe orta mekdeplere ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna goşulandygyny görkezýän halkara şahadatnamalary gowşurmak dabarasyny geçirildi.


1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly açylan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýa 2 sany sertifikat gowşuryldy.


Bilimler we talyp ýaşlar gününde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly açylan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy binagärlik we innowasiýa aýratynlygy taýdan halkara şahadatnamalaryň ikisine mynasyp boldy.


Türkmenistanda "Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy" atly ýol hereketiniň biraýlygyna badalga berildi. Ol 1 - 30-njy sentýabr aralygynda dowam eder.


Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäheriň birnäçe bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.


2017-nji ýyldan, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekilendän bäri iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 5 esse artdy.


“Türkmenaragatnaşyk” agentligi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde aragatnaşyk merkeziniň täze edara binasyny gurar.


14-15-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde halkara kinofestiwal geçiriler.


Türkmenistanda birinji synpa gidýän okuwçylaryň ählisine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwrebap noutbuklar sowgat berildi.