Habarlar

Türkmenistan täze ýyldan tölegleriň ähli görnüşlerini artdyrarTürkmenistan täze ýyldan tölegleriň ähli görnüşlerini artdyrar

Türkmenistan täze ýyldan tölegleriň ähli görnüşlerini artdyrar

Ýurdumyzyň milli ykdysady toplumynyň 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda alyp barýan işleriniň netijeleri baradaky hökümet mejlisinde döwlet Baştutany täze ýyldan başlap, býujet edaralarynyň, kärhanalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk haklaryny, pensiýa we döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak barada karara gol çekdi.

Oba hojalygy we daşky gurşawyň goragy bilen aýry-aýry pudak edaralary meşgullanarOba hojalygy we daşky gurşawyň goragy bilen aýry-aýry pudak edaralary meşgullanar

Oba hojalygy we daşky gurşawyň goragy bilen aýry-aýry pudak edaralary meşgullanar

Ýurdumyzyň oba hojalygyny we daşky gurşawy goramagy düýpli özgertmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi ikä bölüner, onuň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi dörediler. Degişli resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow hökümetiň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çekdi.