HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda iş gözlemek üçin niýetlenen “Wakant” onlaýn-platformasy işe girizildi

Oktýabr 02, 2023 | 01:36 |16489
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) iş gözleýänler üçin niýetlenen “Wakant” onlaýn-platformasyny işe girizdi.Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) iş gözleýänler üçin niýetlenen “Wakant” onlaýn-platformasyny işe girizdi.
Çeşme: USAID/YDA

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) iş gözleýänler üçin niýetlenen “Wakant” onlaýn-platformasyny işe girizdi.

“Wakant” – web-saýty we ykjam telefonlar üçin programmany öz içine alýan doly derejede işleýän onlaýn-platforma. Onuň kömegi bilen iş gözleýänler aňsatlyk bilen özlerine laýyk gelýän boş iş orunlaryny tapyp we olara ýüz tutup bilerler. Şol bir wagtyň özünde, iş gözleýänler özleriniň taýýar rezýumelerini ýükläp bilerler ýa-da rezýumelerini platformanyň kömegi bilen aňsat döredip bilerler.

Iş berijiler üçin bolsa bu platforma Türkmenistanyň öňdebaryjy kadrlar agentlikleriniň professional hyzmatlary bilen peýdalanmaga mümkinçilikler döredýär.

Platformanyň ähli hyzmatlary iş gözleýänler we iş berijiler üçin mugt ýerine ýetirilýär.

Bu makalanyň çykýan döwürinde platformada 450-den gowrak boş iş orunlar barada maglumat berilen.

“Wakant” onlaýn-platformasynyň web-saýtyna link.

Ykjam telefonlar üçin programmany Siz şu aşakdaky linkler boýunça girip ýükläp bilersiňiz:

Google Play;
App Store.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026