HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Germaniýanyň ýolbaşçylary name ylalaşdylar?!

Oktýabr 01, 2023 | 22:05 |8172
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary köpugurly duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler. Bu duşuşyga respublikalaryň Hökümet ýolbaşçylary we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy diýip, GFR-iň Federal Hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary köpugurly duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler. Bu duşuşyga respublikalaryň Hökümet ýolbaşçylary we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy diýip, GFR-iň Federal Hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: kaktus.media

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary köpugurly duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler. Bu duşuşyga respublikalaryň Hökümet ýolbaşçylary we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy diýip, GFR-iň Federal Hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar umumy gymmatlyklar, özara hormat goýmak we bähbitler esasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ýokary derejedäki gepleşikleri dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Germaniýanyň Kansleri parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalaryny goldaýar.

Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meýillerini goldadylar, şeýle hem, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň wajypdygyny nygtadylar. Bu mesele boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegi öwreniler. Ýurtlaryň ÝHHG we BMG ýaly guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyna ýokary baha berildi. Olaryň Düzgünnamasynda garaşsyzlyk, çäk bitewüligi, ýaraglary ulanmagyň gadagançylygy we düşünişmezlikleri parahatçylykly ýol bilen çözmek ýörelgeleri halkara gatnaşyklarynyň möhüm binýady hökmünde berkidilendir.

Taraplar ählumumy ýadro ýaragsyzlanmaga we ony ýaýratmazlyga ygrarlydyklaryny mälim etdiler. Şunda 2006-njy ýylda Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat çägiň döredilendigi we MAGATE guramasynyň sebit topary bilen işleri utgaşdyrmagyň möhümligi bellendi.

Taraplar şeýle hem, BMG we ÝB tarapyndan sebitde durmuşa geçirilýän we maliýeleşdirilýän dürli bilim maksatnamalarynyň zerurlygyny nygtadylar. Merkezi Aziýa we GFR Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi maksat edinýärler we halkara jemgyýetçiliginiň ynsanperwer kömegine hem-de Owganystanyň halkynyň parahat, howpsuz we ykdysady taýdan ösýän döwlete öwrülmek babatdaky tagallalaryna ýokary baha berýär.

Federal Kansler Germaniýanyň taslamalary durmuşa geçirmek we bilermeleri alyşmak arkaly Merkezi Aziýadaky özgertmelere ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady. Taraplar şeýle hem, adam hukuklaryny goldamak, adam söwdasyna garşy göreşmek, raýat jemgyýetine goldaw bermek, metbugat azatlygy we gender deňligi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Merkezi Aziýa döwletleri we GFR karz we maýa goýum kepillikleri arkaly ýurtlaryň arasynda söwda-maýa goýum işlerini giňeltmegi we amatly ykdysady gurşawy emele getirmegi üpjün etmegi ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, işewür wekilleriň özara alşygynyň we özara işewürlik saparlaryny guramagyň möhümligi nygtaldy.

Taraplar Orta ulag geçelgesini, şeýle hem, alternatiw energiýa geçirijilerini gurmak arkaly energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagy we howpsuz sanly giňişligi ileri tutulýan ugurlar hökmünde ösdürmegi ylalaşdylar. Taraplar daşky gurşawy goramak, durnukly ulag, "ýaşyl" geçiş babatda Ýewropa başlangyçlarynyň möhümdigini nygtadylar. Migrasiýa we GFR-de iş bilen üpjün edilmek üçin täze mümkinçilikleri döretmek meselelerine aýratyn üns berildi. Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek we adam maýasynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmegiň möhümligi barada aýdyldy.

Merkezi Aziýanyň ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly sebit meselelerini çözmekde Germaniýanyň we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň hyzmatdaş we maliýe taýdan goldaw berijiler hökmünde gatnaşmak başlangyjy öňe sürüldi. Germaniýanyň Kansleri medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň wajyplygyny we ýokary okuw mekdeleriniň alymlarynyň we ylmy barlagçylarynyň alyş-çalşygyny guramagy hem-de Germaniýada hünär taýdan taýýarlamak mümkinçiligini belleýär. Şeýle hem, Gýote Institutynyň we onuň 50 mekdepden ybarat ulgamynyň we dil merkezleriniň tagallalary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynda nemes diliniň öwredilişini goldamak barada aýdyldy. Şunda Merkezi Aziýa sebitinde nemes dilini ýarym milliona golaý adamyň öwrenýändigi nygtaldy.

Biologiýa howpsuzlygy we howply ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak pudagynda bilelikdäki işleri alyp barmagyň möhümligi bellendi. Özara gatnaşyklaryň ýygjamlaşýandygyny hasaba alyp, taraplar Strategik sebit hyzmatdaşlygyny ýola goýmagy ylalaşdylar. Merkezi Aziýa ýurtlary we GFR ykdysadyýet, energetika we tebigy serişdeler, sebit hyzmatdaşlygy, howa we daşky gurşaw, jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda göni gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly hyzmatdaşlyk boýunça özara tagallalary birikdirmegi ylalaşdylar.

Bilelikdäki Beýannamanyň ahyrynda ýurtlaryň bar bolan formatlardaky özara gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlydyklary we ýokary resmi derejedäki duşuşyklary yzygiderli geçirmek boýunça meýillidikleri nygtaldy. Şunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we GFR-iň döwlet Baştutanlarynyň indiki duşuşygyny 2024-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birinde geçirmek bellendi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026