HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen güni Aşgabatda bellendi

Oktýabr 02, 2023 | 04:08 |9501
Şu ýylyň ýanwar – awgust aýlarynda özara söwdanyň möçberi 7,29 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Özara gatnaşyklaryň binýadynda tebigy gaz boýunça hyzmatdaşlyk bar. Türkmenistan häzirki döwre çenli 380 milliard kub metr tebigy gazy Hytaýa eksport etdi.Şu ýylyň ýanwar – awgust aýlarynda özara söwdanyň möçberi 7,29 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Özara gatnaşyklaryň binýadynda tebigy gaz boýunça hyzmatdaşlyk bar. Türkmenistan häzirki döwre çenli 380 milliard kub metr tebigy gazy Hytaýa eksport etdi.
Çeşme: orient.tm

Dostlukly döwletiň baş baýramy Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen güni Aşgabatda bellendi. 74 ýyl mundan ozal, ýurduň paýtagtynyň Týanmen meýdançasynda Hytaý Halk Respublikasynyň döredilýändigi dünýä jar edildi.

Bu baýramçylyk soňky ýyllarda Hytaýyň özünde uly möçberdäki giň gerimli çäreler bilen bellenip geçilýär. Bu günde Hytaýyň ähli şäherlerinde köpöwüşginli çäreler ýaýbaňlandyrylyp, ähli ýerde baýramçylyk ruhuny duýmak bolýar.

Aşgabatdaky Hytaý Halk Respublikasynyň ilçihanasynyň guramagynda hem baýramçylyk çäresi geçirildi. Hytaýly kärdeşleri gutlamak üçin bu ýere daşary ýurtly diplomatlar we halkara guramalarynyň wekilleri geldiler.

6519fbd95342c863701165.jpg

Baýramçylyk dabarasynda ilçi Sýan Naýçen bu ýere gelenleri mübärekläp, döwrebap sosialistik döwlet gurluşyny gurmak boýunça Hytaýyň kommunistik partiýasynyň gazanan üstünlikleri barada gürrüň berdi.

Bellenişi ýaly, geçen 10 ýylda “Bir guşak – bir ýol” başlangyjyna 150-den gowrak döwlet we 30 töweregi hem halkara guramalar goşuldy. Munuň netijesinde, 1 trillion dollara golaý maýa goýum goýlup, 3 müňden gowrak taslama durmuşa geçirildi. Şu ýylyň birinji ýarymynda Hytaý bilen “Bir guşak – bir ýol” taslamasynyň ugrundaky döwletleriň arasyndaky söwda dolanyşygy 9,8 göterim artdy.

Ilçiniň aýdyşy ýaly, multiliteralizm ýörelgesini saýlap almak bilen, Hytaý adamzadyň bitewi ykbally jemgyýetini gurmak boýunça işleri alyp barýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada durup geçmek bilen, jenap ilçi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň geçen 32 ýylynda döwlet gurluşynda we milli galkynyşynda uly netijelere eýe bolandygyny nygtady.

Şu ýylyň ýanwar – awgust aýlarynda özara söwdanyň möçberi 7,29 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Özara gatnaşyklaryň binýadynda tebigy gaz boýunça hyzmatdaşlyk bar. Türkmenistan häzirki döwre çenli 380 milliard kub metr tebigy gazy Hytaýa eksport etdi.

6519fbe0551c5321865586.jpg

Baýramçylyk dabarasynda türkmen tarapyndan çykyş eden Mejlisi Başlygynyň orunbasary Gahryman Rozyýew Hytaýyň häzirki zaman dünýäsiniň iň okgunly ösýän ýurtlarynyň biridigini nygtady. Şeýle ägirt uly üstünlikleriň ýurduň halkynyň goldamagy bilen işlenip taýýarlanan strategik ugruň esasynda mümkindigini belledi.

Mejlisiň Başlygynyň orunbasary 2023-nji ýylda Türkmenistanyň we Hytaýyň özara gatnaşyklarynyň ählitaraplaýyn strategik häsiýete eýe bolandygyny aýratyn nygtady. Bu Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 5-6-njy ýanwarda Hytaýa döwlet saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannamasynyň kabul edilmegi netijesinde hasyl boldy.

Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň, türkmen we hytaý halklarynyň gatnaşyklarynyň geljekde hem ösüş we özgeriş ýoly bilen mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirildi.

6519fbed775a2652258281.jpg

Baýramçylyk dabarasynda hytaý aşhanasyna möhüm orun berildi. Bu ýere gelenlere baý hytaý aşhanasynyň tagamlary hödür edildi. Mälim bolşy ýaly, ajy we süýji, duzly we turşy tagamlary garyşdyryp bişirmekde hytaýlylardan öňe geçýän ýokdur. Bu olaryň In we Ýan halk filosofiki garaýşyndan hem gelip çykýar.

6519fbf3bce94075754233.jpg

Ilçi Sýan Naýçen we öz döwründe uzak wagtlap ýurdumyzyň Hytaýdaky ilçisi bolup işlän, Türkmenistanyň Gahrymany, häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar.

6519fc0629e81869358030.jpg

Ilçi bilen bolan söhbtdeşliginiň dowamynda, Mejlisiň Başlygynyň orunbasary Gahryman Rozyýew iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň oňyn we netijeli häsiýetini belledi.

6519fc113565c626176576.jpg

Her bir halkyň ruhyýetini biljek bolsaň, olaryň aşhanasy bien tanyş bol diýilýär. Bu ýerdäki baýramçylyk dabarasynda hödürlenen tagamlar özüniň gaýatlanmajak özboluşlylygy we taýýarlanyş usuly bilen tapwutlanýar.

6519fc1ade42b071868346.jpg

Baýramçylyk dabarasyna Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky sazandalar toparynyň çykyşlary aýratyn bezeg berdi. Biz hem öz gezegimizde, hytaýly dostlarymyzy baş baýramlary bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

6519fc28be834194305819.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026