HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Germaniýanyň daşary işler ministrlikleri döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda çykyş etdiler

Oktýabr 02, 2023 | 21:18 |5600
Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň arasynda Bilelikdäki jarnama gol çekildi.Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň arasynda Bilelikdäki jarnama gol çekildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýanyň Federal daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Ygtyýarly wekili Matias Lýuttenberg bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitlediler. Syýasy we diplomatik gatnaşyklaryň ösüşi nukdaýnazaryndan taraplar iň ýokary we hökümet derejesindäki aragatnaşyklaryň has-da giňeldilmegini goldadylar.

Türkmen-german gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde möhüm gural hökmünde daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň formaty görkezildi. Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german toparynyň işini ilerletmek, Ykdysady günleri we işewür forumlaryny geçirmek, şeýle hem German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti bilen hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda çykyş etdiler.

Şol bir wagtyň özünde, hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň hatarynda gazhimiýa senagaty, “ýaşyl” energetika, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň geljegi uly bolan ugurlaryna nemes tehnologiýalaryny we maýa goýumlaryny çekmek, agrosenagat toplumy we suw hojalygy kesgitlenildi. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşiniň çäginde bilim ugry boýunça, hususan-da, bilim meýilnamalarynyň giňeldilmegi we Türkmenistanda nemes dilini öwretmek babatynda özara gatnaşyklary güýçlendirmek barada pikir beýan edildi. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary hökmünde medeniýet, arheologiýa we muzeý işi, saglygy goraýyş ulgamy aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň arasynda Bilelikdäki jarnama gol çekildi.

651a717e72b2f438249358.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026