HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Çikago şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler geçirildi

Oktýabr 02, 2023 | 14:22 |9550
Şu ýylyň 30-njy sentýabryndan 1-nji oktýabry aralygynda ABŞ-nyň Çikago şäherinde Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň goldawy bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler guraldy.Şu ýylyň 30-njy sentýabryndan 1-nji oktýabry aralygynda ABŞ-nyň Çikago şäherinde Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň goldawy bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler guraldy.
Çeşme: ABŞ-daky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Şu ýylyň 30-njy sentýabryndan 1-nji oktýabry aralygynda ABŞ-nyň Çikago şäherinde Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň goldawy bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler guraldy.

1 (15).JPG

Hususan-da, 30-njy sentýabrda “Hoffman Estates” kitaphanasynyň mejlisler zalynda, türkmen raýatlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan seminar” Türkmenistanyň daşary syýasaty we halkara hyzmatdaşlygy: Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Nýu-Ýork şäherine bolan taryhy sapary." Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň wekili öz ildeşlerini ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady we Türkmenistanyň oňyn daşary syýasaty, şol sanda onuň ABŞ bilen arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek barada çykyş etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden çykyşyndaky esasy ugurlar, C5+1 sammitiniň netijeleri, şeýle hem saparyň çäklerinde ýurdumyzyň baştutanynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary aýratyn nygtaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen sebitleýin we halkara başlangyçlaryň taryhy ähmiýetini, şeýle hem halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanyň daşary syýasaty babatynda halkara jemgyýetçiliginiň ýokary baha berýändigini bellediler. Duşuşygyň ahyrynda konsullyk meseleleri boýunça sorag jogap hem alyşyldy.

2 (18).JPG

30-njy sentýabrda ABŞ-nyň Çikago şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli woleýbol ýaryşy geçirildi. Sport çäresine Illinoýs ştatynda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekillerinden we ABŞ-nyň dürli uniwersitetlerinde okaýan talyplardan ybarat toparlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň başynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan hökümetiniň ýurdumyzda sportuň ösmegi üçin döreden şertleri, şeýle hem türkmen türgenleriniň sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri barada bellendi.

3 (10).JPG

Şeýle hem, 1-nji oktýabrda Çikago şäherinde ýerleşýän “Allegra” dabaralar zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäresi guraldy. Oňa Türkmenistanyň raýatlaryndan başga-da ýerli işewürler we başga milletleriň wekilleri gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda türkmen ýaşlary türkmen milli tanslaryny we aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Olaryň şeýle-de bilelikde Türkmen Halkynyň Milli Lideri G.M. Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna düzülen aýdymlary aýdandyklaryny bellemek gerek.

4 (6).JPG

Dabaraly çäräniň girelgesinde türkmen mekdep okuwçylarynyň arasynda Magtymguly Firaganyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan goşgularyny aýtmak we labyzly okamak boýunça, şeýle hem Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti we edebiýaty boýunça onlaýn wiktorina geçirildi. Ýeňijilere Ilçihananyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

5 (2).JPG

6-4.JPG

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026