“Eni Turkmenistan Limited” OGT 2023-iň bürünç hyzmatdaşy


“Eni Turkmenistan Limited” (ETL) 25-27-nji oktýabr aralygynda geçiriljek OGT 2023 çäresinde bürünç hyzmatdaş bolar.
Iň uly energetika kompaniýalaryna we guramalaryna wekilçilik edýän abraýly spikerleri goşmak bilen 700-den gowrak wekiliýet “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” halkara konferensiýasyna gatnaşýandyklaryny tassyklady. Olaryň hatarynda: SOCAR-yň prezidenti Rowşan Najaf, Türkmenistandaky Daewoo E&C-niň şahamçasynyň direktory Min Manjun, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy Rahman Esedullaýew, Orta Gündogarda we Merkezi Aziýada BASF Middle East Chemicals LLC tehniki bazarynyň baş menejeri Aşraf Abu Faris, “XP Upgreen” -iň direktory Barta Woteriks, “Mitro International Limited” -iň baş tehniki geňeşçisi Igor Şewçenko we beýleki halkara guramalarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bardyr.
Eni, giň hyzmatlary hödürleýän global energetika kompaniýasy, gaz we nebit öndürmek şeýle-de gözleg işlerinden başlap, adaty we biorefinariýa (bio gaýtadan işleýiş) ýaly elektrik we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň bilelikde öndürilmegini aňsatlaşdyrmak boýunça işleri alyp barýar. Kompaniýa öz işlerinde daşky gurşawa az täsir edýän çeşmeleri ulanýar.
2008-nji ýyldan bäri, Eni Turkmenistan Limited (ETL), Türkmenistanyň günbataryndaky Nebitdag ýatagynda önümçiligi paýlaşmak şertnamasy boýunça operator bolup işleýär. Önümçiligi paýlaşmak şertnamasyna 1996-njy ýylda gol çekildi we ol 2032-nji ýyla çenli hereket edýär. Häzirki wagta çenli çykarylan nebitiň umumy mukdary 19,5 million tonnadan gowrak bolup, (142 million barrelden gowrak) nebit önümçiligine 2,4 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýuldy.
2024-nji ýylda ETL 80 million ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýmagy meýilleşdirýär we Nebitdag ýataklaryndaky önümçilik takmynan 450 müň tonna (takmynan 3,3 million barrel) nebite barabar bolar.
ETL saglyk, senagat howpsuzlyk we daşky gurşaw meselelerini öz işinde ileri tutulýan esasy ugur hasaplaýar we kompaniýa saglyk, senagat howpsuzlygy we daşky gurşawy goramak babatyndaky iň ýokary standartlara eýerýär. Bu kompaniýa, Türkmenistanda alyp barýan işleriniň parnik gazlarynyň zyňyndylaryna edýän umumy täsirini azaltmaga gönükdirilen uzak möhletli “Uglerod bitaraplygy” maksatnamasyny durmuşa geçirýär.
ETL ýerli önümçiligi we hünärmenleri ösdürmegi höweslendirýär. Eni Turkmenistan-yň topary takmynan 900 adamdan ybarat bolup, olaryň 95%-den gowragy ýerli işgärlerdir, bu ony Balkan welaýatyndaky iň uly iş berijileriň birine öwürýär. Kompaniýa işgärlerine giňişleýin okuw berýär we her ýyl türkmen talyplaryny Italiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin iberýär.
ETL, Türkmenistana ýurtlar we jemgyýetler bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ynanýan, hemmeler üçin uzak möhletli gülläp ösüş ugrunda işleýän Eni toparynyň nou-hauny, tejribesini we tehnologiýasyny getirýär.
ETL-iň OGT 2023-e gatnaşmagy, bu çärä gatnaşjak milli we halkara energetika kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmek üçin indiki ädim bolar.
OGT Expo 2023-de 70-den gowrak halkara energetika kompaniýasynyň eksponatlary bolar.
Giňişleýin maglumatlary çäräniň web sahypasynda alyp bilersiňiz.
ORIENT news








