25-26-njy otýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýede resmi saparda bolar


25-26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynda resmi saparda bolar. Bu sapara görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Geçen ýyllarda gol çekilen döwletara, hökümetara hem-de pudagara resminamalar toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirýär.
Döwlet Baştutany öňde boljak saparyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň taryhy taýdan emele gelen umumylygyna daýanýan däp bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam etjekdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministrine saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
ORIENT news








