Pudagara topar "Türkmenistanda öndürilen" haryt nyşanynyň şekilini saýlar


Ýörite dörediljek pudagara iş topary «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekili babatda teklipleri jemlemek we saýlap almak boýunça işleri alyp barar. Bu baradaky teklibi wise-premýer Batyr Atdaýew anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde öňe sürdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde öndürilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümler içerki bazaryň üpjünçiligini artdyrmak bilen birlikde, daşary ýurt bazarlarynda-da barha uly orun alýar. “Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna” laýyklykda, milli söwda nyşanly täze harytlary öndürmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekili babatda teklipleri jemlemek we saýlap almak boýunça pudagara iş toparyny döretmek baradaky teklibi makullady hem-de ol işlenip taýýarlanylanda, halkymyzyň milli aýratynlyklarynyň, häzirki zaman marketing usullarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ozal habar berşimiz ýaly, Söwda-senagat edarasy «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekilini döretmek boýunça hususy dizaýn kompaniýalarynyň arasynda bäsleşik yglan etdi.
ORIENT news








