Habarlar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Astana we Daşkende sapar ederABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Astana we Daşkende sapar eder

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Astana we Daşkende sapar eder

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Donald Lu 4-11-nji noýabrda Gazagystana, Özbegistana we Hindistana sapar eder. Ol, sentýabr aýynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde geçirilen ilkinji C5+1 Prezident sammitiniň we oktýabr aýynda sebit gatnaşyklary boýunça C5+1 ministrler duşuşygynyň üstünlügini berkitmek üçin Merkezi Aziýada ABŞ- nyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eder. Soňra, Döwlet sekretarynyň kömekçisi Lu ABŞ-Hindistan 2+2 ministrler dialogyny taýýarlamak we goldamak üçin Hindistana barar.

Gazagystan ýylyň ahyryna çenli Trans-Hazar ýoly boýunça üstaşyr wagtyny üç esse azaldarGazagystan ýylyň ahyryna çenli Trans-Hazar ýoly boýunça üstaşyr wagtyny üç esse azaldar

Gazagystan ýylyň ahyryna çenli Trans-Hazar ýoly boýunça üstaşyr wagtyny üç esse azaldar

Gazagystandan 13 halkara ulag geçelgesi, şol sanda 5 demir ýol we 8 garaýoly geçýär. 2022-nji ýylda respublikanyň çäginden geçýän üstaşyryň umumy mukdary 23,2 million tonna ýük bolup, bu 2021-nji ýyldakydan 10 göterim köp. Iň uly ösüş multimodal TMTM (Trans-Hazar ýa-da Orta geçelge) tarapyndan görkezildi. Bu barada Gazagystanyň Ulag ministri Marat Karabaýew, 100-den gowrak daşary ýurt kärhanasynyň gatnaşan, dürli ýurtlardan iri ulag we logistika kompaniýalary bilen onlaýn duşuşygynda aýtdy.