Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti täze athana baryp gördi we bag ekilşik dabarasyna gatnaşdy

Noýabr 06, 2023 | 01:01 |11653
Diňe bir günüň içinde 472 müň düýp saýaly we miweli baglar oturdylyp, 1 million 868 müňden gowrak düýp baga hem ideg işleri geçirildi.Diňe bir günüň içinde 472 müň düýp saýaly we miweli baglar oturdylyp, 1 million 868 müňden gowrak düýp baga hem ideg işleri geçirildi.
Çeşme: "Altyn Asyr" teleýaýlymy

4-nji noýabrda Türkmenistanda ählihalk bag ekmek çäreleri geçirildi. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

1.jpg

Köpçülikleýin bag ekişlik dabarasyndan öň, Türkmenistanyň Prezidenti Köpetdagyň eteginde täze gurlup tamamlanan athana toplumyna baryp, bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen ýerinde tanyş boldy. Bu toplumda 600 baş bedewi saklamak üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

2.jpg

Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew bu ýerde ýerine ýetirilen işler barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi. Jemi 15,4 gektar çäkde ýerleşýän toplumda edara ediş merkezi, weterinar bejeriş nokady, 40 sany taý üçin ýatakhana, her biri 60 sany tohum ene at üçin 2 sany ýatakhana, her biri 88 ata niýetlenen ýatakhanalaryň 5-si, şeýle hem atlary idetmek, türgenleşik we gezim etdirmek üçin ýerler göz öňünde tutulypdyr.

3.jpg

Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň wise-prezidenti, "Türkmenatlary" döwlet birleşiginiň direktory, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory bu ýerde ahalteke atlaryny ösdürmek üçin guramaçylyk işleriniň guralyşy barada hasabatlar berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow täze atçylyk toplumyny noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenýän Hasyl toýuna gabatlap, dabaraly açmagy tabşyrdy.

4.jpg

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine gelip, bu ýerde geçirilýän köpçülikleýin bag ekişlik dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanyny Hökümet agzalary, ministrlikleri we pudaklaýyn dolabdyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalary, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary garşyladylar.

5.jpg

Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji bag nahalyny oturdyp, bag ekişlik möwsümine badalga berýär. Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, ähli çärä gatnaşyjylar bag nahallaryny oturtmaga girişýärler. Bag ekmek bilen bir hatarda, ozal ekilen baglara ideg işleri hem geçirildi.

6.jpg

Diňe bir günüň içinde 472 müň düýp saýaly we miweli baglar oturdylyp, 1 million 868 müňden gowrak düýp baga hem ideg işleri geçirildi.

7.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026