HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Nepalda bolup geçen ýertitreme sebäpli gynanç bildirdi

Noýabr 06, 2023 | 01:21 |6722
Ýurduň polisiýasynyň şenbe güni habar bermegine görä, şol wagt 143 sany wepat bolan, 166 sany hem şikes alan adamlar hasaba alyndy.Ýurduň polisiýasynyň şenbe güni habar bermegine görä, şol wagt 143 sany wepat bolan, 166 sany hem şikes alan adamlar hasaba alyndy.
Çeşme: © GlobalLookPress

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpsanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we weýrançylyklara getiren ýertitreme sebäpli Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ramçandre Paudelýa we ýurduň Premýer-ministri Puşpe Kamalýa Dahala çuňňur gynanjyny bildirdi.

Döwlet Baştutany hatynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem öz adyndan gurban bolanlaryň ýakynlaryna çuňňur gynanjyny bildirip, ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet telewideniýesi habar berýär.

Şenbe gününe geçilrn gijede Nepalyň Karnali welaýatynyň Jajarkot etrabynda 6,4 ballyk ýer titredi. Ondan soňa, pes ýygylykly ýertitremeleriň birnäçesi bolup geçdi. Köpsanly öýler ýumrulyp, dag üstündäki ýollaryň omrulmagy netijesinde, ýollar petiklendi. Bu öz gezeginde halas ediş toparlaryň tebigy heläkçiligiň bolan ýerine kömege barmaklarynda kynçylyk döretdi.

Ýurduň polisiýasynyň şenbe güni habar bermegine görä, şol wagt 143 sany wepat bolan, 166 sany hem şikes alan adamlar hasaba alyndy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

HGI-de ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk sungatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:12 Sentýabr 08, 2026
Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

Sony kompaniýasy täzelenen "WH-1000XM4C" atly gulaklyklaryny bazara yzyna gaýdyp getirdi

18:26 Sentýabr 08, 2026
Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

Döwürlerden beýik şygryýet: Tähranda meşhur zenan şahyr Rabiýa Balhiniň mirasy ara alnyp maslahatlaşyldy

18:19 Sentýabr 08, 2026