Habarlar

Hytaýly kosmonawtlar orbitada gök önümleri  üstünlikli ösdürip ýetişdirýärlerHytaýly kosmonawtlar orbitada gök önümleri  üstünlikli ösdürip ýetişdirýärler

Hytaýly kosmonawtlar orbitada gök önümleri üstünlikli ösdürip ýetişdirýärler

“Şençžouo-16” ekipažynyň kosmonawtlary orbitada gök ekinleri ösdürip ýetişdirmekde täsirli netijeleri gazandy. “Týangun” kosmos stansiýasynda kosmos bagyny ösdürmek meselesiniň bir bölegi hökmünde ekipažyň agzalary ýörite modullarda sogandan we “gyzyl ülje” atly tohum pomidorlaryndan üstünlikli ter salat ýygnadylar. Bu barada "Russiýa - Hytaý: esasylar" maglumat gullugy tarapyndan habar berilýär.

Saud Arabystany her ýyl «rekord baýrakly gaznalar» bilen kibersport dünýä çempionatyny geçirerSaud Arabystany her ýyl «rekord baýrakly gaznalar» bilen kibersport dünýä çempionatyny geçirer

Saud Arabystany her ýyl «rekord baýrakly gaznalar» bilen kibersport dünýä çempionatyny geçirer

Saud Arabystanynyň şazadasy Muhammed bin Salman öz ýurdunda 2024-nji ýylyň tomsundan başlap her ýyl kibersport ýaryşlaryny geçirip başlajakdygyny habar berdi. Bu ýaryşlarda klublar «rekord baýrak gaznalaryny» gazanmak we «doly dünýä çempiony» diýlip yglan edilmek maksady bilen dürli dersler boýunça bäsleşerler. Bu beýannama baradaky maglumatlar Reuters.com portalynda çap edildi.

Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary öz ýurtlarynda ilçileriň paralel akkreditasiýasy barada ylalaşdylarTürkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary öz ýurtlarynda ilçileriň paralel akkreditasiýasy barada ylalaşdylar

Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary öz ýurtlarynda ilçileriň paralel akkreditasiýasy barada ylalaşdylar

Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Konstantinos Kombos «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» ministrleriň duşuşygynyň çäginde ikitaraplaýyn gepleşikler geçirdiler. Iki ýurduň daşary işler edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy 23-nji oktýabrda Lýuksemburgda geçirildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.