HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tbilisde 2024-nji ýyl – “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

Ýanwar 23, 2024 | 19:51 |6995
2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň binasynda 2024-nji ýyl – «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi.2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň binasynda 2024-nji ýyl – «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň binasynda 2024-nji ýyl – «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Tegelek stoluň işine «TV-24», «1TV» teleýaýlymlarynyň, «The Georgian Business Week», «News Day Georgia», «Inter Press News» habarlar agentlikleriniň, «Geoecohub» onlaýn neşiriniň wekilleri, şeýle hem «Резонанс», «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Комсомольская правда» gazetleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

2.jpg

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda 2024-nji ýylda döredijiliginiň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasy bilen dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry, türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaraly bellenilip geçirilýändigi barada aýtdy. Ilçi, bu sene bagyşlanyp meýilleşdirilýän ýokary derejedäki dabaraly çäreler barada giňişleýin tegelek stoluň gatnaşyjylaryna gürrüň berdi.

3.jpg

Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykandygyny aýtdy. Ol sözüni dowam etmek bilen, ýurdumyzyň bagtly we ýagty geljegi üçin döwlet gurluşygynda ýaşlaryň ornuny ýokarlandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başyny başlan asylly işleriň Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini aýratyn belläp geçdi.

Bu tegelek stola gatnaşyjylarynyň çykyşlarynda iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmekde şular ýaly çäreleri geçirmegiň möhümdigi nygtadylar.

4.jpg

Hususan-da, Gruziýanyň at gazanan žurnalisti, professor Badri Naçkebia öz çykyşynda türkmen-gruzin gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer ugry döwletara gepleşikleriň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny, bu ugurda Türkmenistan bilen Gruziýa bilelikde alyp barýan işleri döredijilik hyzmatdaşlygyň ajaýyp däpleriniň bardygyny belläp geçdi.

“Geoecohub” onlaýn neşiriniň Baş redaktory Liana Žoržoliani çykyşynda diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem dünýä edebiýatyny hem ýokarlandyrýan ajaýyp söz ussady we filosof-şahyr Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan çäreler baý edebi mirasy dünýäsinde has giňişleýin öwrenilmegine we giňden ýaýramagyna goşant goşjakdygyny aýratyn belläp geçdi.

5-1.jpg

Tegelek stoluň ahyrynda gatnaşyjylara Magtymguly Pyraga bagyşlanan film görkezildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026