HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Berlin halkara kinofestiwalynyň maksatnamasy belli boldy

Ýanwar 23, 2024 | 21:40 |3917
2024-nji ýylyň 15-24-nji fewralynda geçjek  Berlin halkara kinofestiwaly (Berlinale) maksatnamasyny yglan etdi diýip, AZERTAJ çäräniň saýtyna salgylanyp habar berýär.2024-nji ýylyň 15-24-nji fewralynda geçjek  Berlin halkara kinofestiwaly (Berlinale) maksatnamasyny yglan etdi diýip, AZERTAJ çäräniň saýtyna salgylanyp habar berýär.
Çeşme: rewizor.ru

2024-nji ýylyň 15-24-nji fewralynda geçjek Berlin halkara kinofestiwaly (Berlinale) maksatnamasyny yglan etdi diýip, AZERTAJ çäräniň saýtyna salgylanyp habar berýär.

Berlinaleniň maksatnamasyna resmi bäsleşikde we Encounters bölüminde saýlanyp alnan 20 film girizildi.

Festiwal Tim Milantsyň “Ownuk-uşak zatlar” dramasy bilen açylar. Filmde Killian Merfi baş rolda oýnaýar.

Festiwalda şeýle hem Abderrahman Sissakonyň “Gara çaý”, Alonso Ruispalasiosyň, “Aşhana”, Mati Diopyň “Dagomeýa” we “Başga adam” filmlerine tomaşa etmek bolar. Mundan başga-da, Berlinaleniň maksatnamasyna Brýuno Dýumonyň “Imperiýa” Margarita Wikarionyň “Ýeňiş!”, Oliwýe Assaýasyň “Wagta tabyn bolmadyk”, Andreas Drezeniň “Söýgi bilen Hildadan”, Betaş Sanehiň we Miriam Mokwadamyň “Meň gowy görýän tortum”, Kler Býurgeriň “Ýat dil”, Merýam Žuberiň “Men kime degişli” filmleri we beýlekiler girizildi.

Encounters bölümine režissýor Georgios Zoisyň “Arkadiýa”, Žuliana Rožasyň, «Cidade; Campo», Mamadu Dianyň «Demba», Giýom Kaýonyň we Ben Rasseliň «Direct Action» filmleri we beýlekiler girizildi. Mundan başga-da, festiwalda bäsleşikden daşary Adam Sendleriň baş rolda oýnamagynda “Kosmonawt” we Jessi Aýzenbergiň baş rolda oýnamagynda “Gar adamynyň gününiň batmagy” filmleri görkeziler.

Berlin halkara kinofestiwaly 1951-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Çäräniň baş baýragy - “Altyn aýy”. Ol şäheriň geraldiki nyşanydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026
Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

17:49 Awgust 04, 2026
Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

17:41 Awgust 04, 2026