Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby GDA-nyň Minsk şäherindäki ştab-kwartirasynda tanyşdyryldy

Ýanwar 23, 2024 | 19:42 |8131
23-nji ýanwarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Minsk şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Russiýa Federasiýasynyň başlyklyk etmeginde agza döwletleriň Arkalaşykdaky hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi.23-nji ýanwarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Minsk şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Russiýa Federasiýasynyň başlyklyk etmeginde agza döwletleriň Arkalaşykdaky hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy

23-nji ýanwarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Minsk şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Russiýa Federasiýasynyň başlyklyk etmeginde agza döwletleriň Arkalaşykdaky hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Oňa GDA-nyň Baş sekretary we Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew, onuň orunbasarlary, şeýle hem Moskwadaky Ykdysady geňeşiň ýolbaşçylary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

1.jpg

Çäräniň gün tertibine ozal girizilen goşmaçalara laýyklykda, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi, Türkmenistanyň Arkalaşykdaky düzümleriniň ýanyndaky hemişelik wekili Nazarguly Işangulyýew tanyşdyryş çykyşy bilen gatnaşyjylara ýüzlendi.

Çykyşynyň başynda türmen ilçisi Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilýän şu ýylyň baş şygarynyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylandygyny, bu senän dabaralndyrmak maksady bilen birnäçe halkara çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy.

2.jpg

Soňra Nazarguly Işangulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitaby bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdy. Ilçi özüniň çykyşynda täze eseriň many-mazmuny we onuň ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly we watançylyk ruhunda terbiýelemek babatdaky ähmiýetini belledi.

Ilçiniň çykyşy Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň taýýarlan wideoroligi bilen utgaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026