

Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşi 6,3%-de saklanýar
2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,3% boldy. Bu döwürde ýurtda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,6% köp önüm öndürildi.


2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,3% boldy. Bu döwürde ýurtda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,6% köp önüm öndürildi.


8-nji dekabrda Moskwada GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 100-nji ýubileý mejlisi geçirildi. Duşuşyga GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň başlygy, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Adylbek Kasymaliýew ýolbaşçylyk etdi.


7-8-nji dekabrda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde “GDA agza ýurtlaryň maglumat ulgamyndaky özara gatnaşyklary barada” ady bilen agza ýurtlaryň daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi.


Türkmenistandaky “Dragon Oil” 2027-nji ýyla çenli önümçilik ýerlerinde gazyň ýanmagyny doly bes eder. Bu barada kompaniýanyň Baş direktory Ali Raşid Al Jarwan COP 28 konferensiýasynda "Nebit we gaz dekarbonizasiýa düzgünnamasy" şertnamasyna gol çekişlik dabarasynda aýtdy.


“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi Türkmenbaşy şäherindäki “Çarlak” myhmanhanasynyň birinji gatyndaky 90 orunlyk mejlisler zalyny döwrebap kinoteatra öwürmek boýunça bäsleşik yglan etdi.


Ýewraziýanyň ulag geçelgelerini ösdürmegiň toplumlaýyn meýilnamasy tassyklanyldy.


Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrligi hökümetiň ýurtda wagt hasaplamagyny kadalaşdyrýan kararyna üýtgetme girizmek üçin taslamany hödürledi.


BMG-nyň Baş sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary, BMG Ösüş Maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň Orunbasary we BMGÖM-nyň Ýewropa we GDA boýunça sebit direktory hanym Iwana Žiwkowiç 2023-nji ýylyň 10-12-nji dekabry aralygynda Türkmenistana ilkinji resmi saparyny amala aşyrar.


Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy, Türkmenistanda parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň milli inwentar ulgamynyň taslamasyny taýýarlamak we goldamak üçin üçünji etapda bilelikde işlemegi dowam etdirmek üçin özara düşünişmek Memorandumyna gol çekdi. Gol çekmek dabarasy penşenbe güni, 7-nji dekabrda geçirildi.


13-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty mekdep okuwçylary – Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary we «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň geljekki IV oýnuna gatnaşyjylar üçin umumy sapak geçirer.


Marketing - bu önümlerini ýa-da hyzmatlaryny mahabatlandyrmak we satmak üçin kärhanalaryň ulanýan esasy düşünjesidir. Girdeji gazanmak we müşderileriň kanagatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen ol mahabat, satuw, haryt nyşany (brendi) we bazar gözlegleri ýaly birnäçe çäräni öz içine alýar. Häzirki zaman bäsdeşlik bazarynda üstünlikli marketing ösýän işewürlik bilen şowsuzlygyň arasyndaky kesgitleýji faktor bolup biler.


7-nji dekbarda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda birža söwdalaşyklarynda içerki bazarda polipropilen satyldy.


Täze ýyl baýramçylyklary ýakynlaşýar we Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýän “Elektronika dünýäsi” dükanynda uly, hakyky we amatly arzanladyşlar dowam edýär.


Şahsy görnüşde geçirilen bäsleşiklerde çylşyrymly matematiki meseleleri çözmek üçin 4 sagat wagt berildi. Intellektual çempionatyň netijesinde türkmen talyplary 6 altyn, 10 kümüş we 4 bürünç medal gazandylar.


“Uzynada” nebit ýatagynda birnäçe nebit ýataklary üstünlikli işe girizildi. Bu işler “Körpeje” we “Goturdepe” buraw işleri müdirlikleriniň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirildi.